E-poçta serwerini bellige almak

E-poçta serwerini düzmezden öň, aşakdakylary barlaň.

  • Printer tora birikdirilen

  • E-poçta serweri üçin sazlaw maglumaty

    Internet esasly e-poçta serwerini ulanýan wagtyňyz, üpjün edijiden ýa-da websaýtdan sazlama maglumatyny barlaň.

Bellik:

E-poçta serwerini sazlamaly bolmazdan, Epson-nyň bulut hyzmaty Epson Connect arkaly skanlanan suratlary e-poçta bilen hem iberip bilersiňiz. Goşmaça jikme-jiklik üçin, Buluda Skanirle aýratynlygyna serediň.

Buluda Skanirle aýratynlygyna taýýarlanmak

Bellige almagyň usuly

Web Config-e girip, Network taby > Email Server > Basic saýlaň.

Web-brauzerde Web Config işletmek

Printeriň dolandyryş panelinden hem sazlamalary belläp bilersiňiz. Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Giňişleýin > Elektron poçta Serweri > Serwer Sazlamalary saýlaň.

E-poçta serweri sazlama zatlary

Zat

Sazlamalar we düşündiriş

Authentication Method

Printer poçta serwerine girende ulanar ýaly hakykylyk-barlag usulyny görkeziň.

Off

Poçta serwerine hakykylyk barlagy gerek däl bolsa belläň.

SMTP AUTH

E-poçta iberilende, SMTP serwerinde (gidýän poçta serweri) hakykylygy barlaýar. Poçta serweri SMTP hakykylyk barlagyny goldamaly.

POP before SMTP

E-poçta iberilmezden öň, POP3 serwerinde (alýan poçta serweri) hakykylygy barlaýar. Bu elementi saýlanyňyzda, POP3 serwerini belläň.

Authenticated Account

Eger SMTP AUTH ýa-da POP before SMTP usulyny Authentication Method edip saýlasaňyz, 0–255 nyşan aralygynda ASCII formatda (0x20–0x7E) hakykylygy barlanylan hasap adyny giriziň.

SMTP AUTH saýlanyňyzda, SMTP serwer hasabyny giriziň. POP before SMTP saýlanyňyzda, POP3 serwer hasabyny giriziň.

Authenticated Password

Eger SMTP AUTH ýa-da POP before SMTP usulyny Authentication Method edip saýlasaňyz, 0–70 nyşan aralygynda ASCII formatda (0x20–0x7E) hakykylygy barlanylan paroly giriziň.

SMTP AUTH saýlanyňyzda, SMTP serweri üçin hakykylygy barlanan hasaby giriziň. POP before SMTP saýlanyňyzda, POP3 serweri üçin hakykylygy barlanan hasaby giriziň.

Sender's Email Address

Ulgam administratorynyň e-poçta salgysy ýaly iberijiniň e-poçta salgysyny giriziň. Ol hakykylyk barlananda ulanylýar, şonuň üçinem, poçta serwerine bellige alnan dogry e-poçta salgysyny giriziň.

0 - 255 arasy ASCII nyşanyny giriziň (0x20-0x7E), ýöne şular degişli däl: ( ) < > [ ] ; ¥. Nokat "." iň başda bolmaly däl.

SMTP Server Address

0–255 arasy nyşany şulary ulanyp giriziň: A–Z a–z 0–9 . -. IPv4 ýa-da FQDN formatyny ulanyp bilersiňiz.

SMTP Server Port Number

1–65535 aralygynda san giriziň.

Secure Connection

Poçta serwerine aragatnaşygyň şifrleme usulyny saýlaň.

None

Eger POP before SMTP saýlasaňyz (Authentication Method içinde), birikme şifrlenmeýär.

SSL/TLS

Ol Authentication Method Off ýa-da SMTP AUTH diýlip bellenende elýeterli bolýar. Aragatnaşyk başlangyçdan şifrlenýär.

STARTTLS

Ol Authentication Method Off ýa-da SMTP AUTH diýlip bellenende elýeterli bolýar. Aragatnaşyk başlangyçdan şifrlenmeýär, ýöne tor gurşawyna baglylykda, aragatnaşygyň şifrlenip-şifrlenmezligi üýtgeýär.

Certificate Validation (diňe Web Config)

Ol işledilende sertifikat barlanylýar. Ony Enable edip bellemegi maslahat berýäris. Sazlamak üçin, siz CA Certificateny printere importlamaly.

Eger sertifikatyň ynamdar däldigini aýdýan hat görkezilse, şu aşakda serediň.

Sene bilen wagt nädogry

Düýp sertifikaty täzelemeli

POP3 Server Address

Eger POP before SMTP usulyny Authentication Method edip saýlasaňyz, POP3 serwer salgysyny 0–255 aralygy nyşany şulary ulanyp giriziň: A–Z a–z 0–9 . -. IPv4 ýa-da FQDN formatyny ulanyp bilersiňiz.

POP3 Server Port Number

Eger POP before SMTP usulyny Authentication Method edip saýlasaňyz, 1–65535 aralygy san giriziň.