Kagyzyň ýany bilen berilýän görkezmeleri okaň.
Goýmankaňyz kagyzyň gyralaryny ýelpäp deňläň.

Kagyz togalanan bolsa, goýmankaňyz ony ýazyň ýa-da çalaja tersine togalaň. Togalanan kagyza çap etmeklik kagyzyň dykylmagyna we reňkleriň çyrşalmagyna eltip biler.

Eger äpişge gysga gyrada bolsa, ulanyjy-kesgitlemeli ölçegi bellän wagtyňyz, äpişgäni hem goşuň.
Konwertler togalanan bolsa, goýmankaňyz olary ýazyň ýa-da çalaja tersine togalaň. Togalanan konwertlere çap etmeklik kagyzyň dykylmagyna we reňkleriň çyrşalmagyna eltip biler.

Goýmankaňyz konwertleriň gyralaryny ýelpäň we deňläň. Desselenen konwertleriň arasyna howa giren bolsa, goýmankaňyz olary basyp tekizläň.

Kagyzlary saklanyňyzda şulara üns beriň.
Kagyzlaryň çyg çekmeginiň öňüni almak üçin, olaryň galanyny plastik torbalarda ykjam ýapyň.
Çyglylygy az ýerde saklaň. Şeýle hem, kagyzy öllemäň.
Göni gün şöhlesinden goraň.
Kagyzlary dik goýmaň, ýatyryp goýuň.
Kagyzlary ýokardaky ýaly saklasaňyz hem, gurşawa baglylykda çap edişiň hili peselip ýa-da kagyz dykylmalary ýüze çykyp biler. Saklanan kagyz ulanmazdan öň, az mukdarda kagyz çap edip görüň we kagyz dykylmalarynyň ýa-da çap etmede çyrşaklaryň bardygyny barlaň.