Özbaşdak-golly sertifikat importlamak (Windows)

Özbaşdak-golly sertifikat importlanansoň, brauzeriňiz Web Config işledilende duýduryş görkezmegini bes edýär. Özbaşdak-golly sertifikatlar barada jikme-jiklik we howpsuzlyk çäreleri üçin administratoryňyza ýüz tutuň.

Bellik:
  • Özbaşdak-golly sertifikat importlamagyň usuly şertleriňize baglydyr.

  • Işlediş usuly OU wersiýasyna baglylykda dürlüçe bolup bilýär.

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzeriňize giriziň.

  2. Network Security tabyny saýlaň.

  3. Download basyň,

    Özbaşdak-golly sertifikat göçürilip alyndy.

  4. Göçürilip alnan sertifikaty sag basyp, Sertifikaty gurna saýlaň.

  5. Sertifikat importlama ussadyna hoş geldiňiz ekranynda Ýerli maşyn saýlaň.

  6. Indiki basyň we görkezilýän ekranda Hawa basyň.

  7. Sertifikat ammary ekranynda Ähli sertifikatlary aşakdaky ammara ýerleşdir saýlaň.

  8. Göz aýla basyp, Ynamdar düýp sertifikat edaralary saýlaň we OK basyň.

  9. Sertifikat ammary ekranynda Indiki basyň.

  10. Sertifikat importlama ussady tamamlanýar ekranynda sazlamalary barlap, Gutar basyň.

  11. Tamamlamak üçin, indiki ekranda OK basyň.

    Importlanan özbaşdak-golly sertifikaty görkezer ýaly, brauzeriňizi täzeden işlediň.