| Faks Sazlamalary | ||||||
| Çalt işledýän düwme |
Geçirişi bellige alyş we Originalyň görnüşi ýaly dört sany ýygy ulanylýan zady görkezýär. Ol size sazlamalary çalt we ýeňil bellemäge mümkinçilik berýär. Siz Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Ulanyjy Sazlamalary > Çalt işledýän düwme-de öňünden zatlary bellemeli. |
|||||
| Skan sazlamalary | ||||||
| Original kagyz Ölçegi (aýna) |
skanner aýnasyna ýerleşdiren originalyň ölçegini we duruş ugruny saýlaň. |
|||||
| Originalyň görnüşi |
Originalyň görnüşini saýlaň. |
|||||
| Reňk usuly |
Reňkli ýa-da monohrom skanlamalymy saýlaň. |
|||||
| Çözgüt |
Gidýän faksyň çözgüdini saýlaň. Has ýokary çözgüt saýlasaňyz, maglumat ölçegi has ulalýar we faksy ibermek wagt alýar. |
|||||
| Dykyzlyk |
Gidýän faksyň dykyzlygyny belleýär. + dykyzlygy garaldýar, - ony ýagtyldýar. |
|||||
| Fony aýyr |
Fonuň garaňkylygyny saýlaň. Fony ýagtyltmak (agartmak) üçin +, garaňkyratmak (garaltmak) üçin - basyň. Eger Awto saýlasaňyz, originallaryň fon reňkleri anyklanýar we olar awtomatik aýrylýar ýa-da ýagtyldylýar. Eger fon reňki gaty garaňky bolsa ýa-da anyklanmasa, ol sazlama dogry ulanylmaýar. |
|||||
| Ýitilik |
Suratyň ülňüsini güýçlendirýär ýa-da defokuslaýar. + ýitiligi güýçlendirýär, - ýitiligi defokuslaýar. |
|||||
| ADF 2-Taraply |
Awto-berijide goýlan originallaryň iki ýüzünem skanlaýar we monohrom faks iberýär. |
|||||
| ADF dow. skanirleme |
Awto-berijiden faks iberlende, skanlama başlansoň, awto-berijä originallary goşup bilmersiňiz. ADF-e dürli ölçegli originallary ýerleşdirseňiz, olaryň ählisi iň uly originalyň ölçeginde iberilýär. Awto-berijide original skanlanyp bolansoň, printeriň başga sahypa skanlamak isleýäňizmi diýip soramagy üçin, şu opsiýany işlediň. Soňra originallary ölçeglerine görä sortlap, ýeke faks edip iberip bilersiňiz. Awto-beriji arkaly dürli ölçegli resminamalary ibermek (ADF dow. skanirleme) |
|||||
| Faks Ugratma Sazlamalary | ||||||
| Göni Ugratmak |
Originallary skanlap durka, monohrom faks iberýär. Köp möçberde sahypa iberilýän-de bolsa, skanlanan originallar printeriň ýadynda wagtlaýynça saklanylmaýandygy sebäpli, ýat ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykyp biljek printer näsazlyklaryndan gaça durup bilersiňiz. Üns beriň, bu aýratynlyk arkaly ibermek şonsuz ibermekden has uzaga çekýär. Bu aýratynlygy şunda ulanyp bilmersiňiz:
Monohrom resminamanyň köp sahypasyny ibermek (Göni Ugratmak) |
|||||
| Ähmiýetli Ugratmak |
Häzirki faksy iberilmäge garaşyp duran beýleki fakslardan öňürti iberýär. |
|||||
| Faksy Soňra Ugratmak |
Görkezen wagtyňyzda faks iberýär. Şu opsiýa ulanylanda, diňe monohrom faks elýeterli bolýar. Günüň görkezilen wagtynda fakslary monohrom ibermek (Faksy Soňra Ugratmak) |
|||||
| Ugradyjy barada maglum. goşmak |
|
|||||
| Iberiş barada habar |
Faks iberilensoň, habarnama iberýär. |
|||||
| Geçiriş Hasabaty |
Faks iberilensoň, geçiriş hasabatyny çap edýär. Çap Ediş Ýalňyşlygy diňe näsazlyk ýüze çykanda hasabat çap edýär. Hasabata faks suraty goşmak sazlamasy Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Sazlamalary habar ber arkaly bellenilende, näsazlyk bar bolan fakslar hem hasabatyň ýany bilen çap edilýär. |
|||||
| Ätiýaçdaky |
Skanlanyp, printeriň ýadyna awtomatik ýazdyrylýan iberilen faksyň ätiýaç nusgasyny ýazdyrýar. Ätiýaçlama aýratynlygy aşakdaky ýagdaýlarda elýeterlidir.
|
|||||
| Ätiýaçlykdaky ýer |
Ätiýaçlama barylmaly ýerini saýlaň. |
|||||
| Faýl ady |
Sakladylan resminamalar gutusynda we Özüň töläp iber./Bildiriş tagtasy gutusynda ýazdyrylmaly resminamanyň adyny görkeziň. |
|||||