Özbaşdak-golly sertifikat importlamak (Mac OS)

Özbaşdak-golly sertifikat importlanansoň, brauzeriňiz Web Config işledilende duýduryş görkezmegini bes edýär. Özbaşdak-golly sertifikatlar barada jikme-jiklik we howpsuzlyk çäreleri üçin administratoryňyza ýüz tutuň.

Bellik:
  • Özbaşdak-golly sertifikat importlamagyň usuly şertleriňize baglydyr.

  • Işlediş usuly OU wersiýasyna baglylykda dürlüçe bolup bilýär.

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzeriňize giriziň.

  2. Network Security tabyny saýlaň.

  3. Download basyň,

    Özbaşdak-golly sertifikat göçürilip alyndy.

  4. Göçürilip alnan sertifikaty iki gezek basyň.

    Özbaşdak-golly sertifikat importlanansoň, Keychain Access başlanýar.

  5. Keychain Access ekranynda Sertifikatlar basyň we importlanan sertifikaty iki gezek basyň.

  6. Görkezilýän ekranda aşakdaky zatlary saýlaň.

    Ynan > Bu sertifikat ulanylanda > Hemişe ynan

  7. Importlamagy dynmak üçin, ekrany ýapyň.

    Importlanan özbaşdak-golly sertifikaty görkezer ýaly, brauzeriňizi täzeden işlediň.