Job Arranger Lite penjiresini açýar. Şu ýerden öňki ýazdyrylan maglumaty açyp we redaktirläp bilersiňiz.
EPSON Status Monitor 3
EPSON Status Monitor 3 penjiresini açýar. Şu ýerden printeriň we sarp ediş materiallarynyň ýagdaýyny tassyklap bilersiňiz. Bu aýratynlygy işletmek üçin, siz EPSON Status Monitor 3 gurnamaly. Ony Epson websaýtyndan göçürip alyp bilersiňiz.
EPSON Status Monitor 3 penjiresindäki zatlar üçin sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär. Bu aýratynlygy işletmek üçin, siz EPSON Status Monitor 3 gurnamaly. Ony Epson websaýtyndan göçürip alyp bilersiňiz.
Dürli sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, Ýardam görer ýaly, her zada sag basyň.
Çap Ediş Nobaty
Çap edilmäge garaşýan işleri görkezýär. Çap ediş işlerini barlap, sägindirip ýa-da dowam etdirip bilersiňiz.
Printer we Opsiýalar Barada Maglumat
Ulanyjy hasaplaryny bellige alyp bilersiňiz. Eger printerde giriş dolandyryş bellenilen bolsa, siz öz hasabyňyzy bellige almaly.
Dil
Printer draýweri penjiresinde ulanyljak dili üýtgedýär. Sazlamalary ulanmak üçin, printer draýwerini ýapyp, gaýtadan açyň.
Programma Üpjünçiliginiň Täzelemeleri
Internetden programmalaryň in täze wersiýalaryny barlamak üçin, EPSON Software Updater başladýar.
Tehniki Goldaw
Eger gollanma kompýuteriňizde gurnalgy bolsa, gollanma görkezilýär. Eger gurnalmadyk bolsa, Epson websaýtyna birigip, gollanmany we elýeterli tehniki goldawy barlap bilersiňiz.