Syýa kartrijlerini çalşyrmazdan öň aşakdaky görkezmeleri okaň.
Syýa kartrijlerini gün şöhlesiniň göni düşmeýän ýerinde goýuň.
Syýa kartrijlerini ýokary ýa-da doňak temperaturada saklamaň.
Iň gowy netijeleri almak üçin, Epson syýa kartrijlerini paketde çap edilgi ýaramlylyk möhletinden öň ýa-da gurnalansoň bir ýylyň dowamynda, haýsysy ir bolsa şony ulanmagy maslahat berýär.
Syýa kartrijini sowuk saklanylýan ýerden getireniňizde, ony ulanmazdan öň, azyndan üç sagatlap otag temperaturasynda ýyladyň.
Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

Printere göni dakmaga taýýarlanman, syýa kartrijiniň gabyny açmaň. Kartrij ygtybarly bolar ýaly, waakumly gaplanýar. Eger kartriji uzak wagtlap ulanman, gabyndan çykaryp goýsaňyz, çap edişiň kadaly bolmazlygy mümkin.
Ony ýere gaçyrmaň ýa-da gaty zada urmaň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.
Ähli syýa kartrijlerini dakyň; ýogsam, çap edip bilmersiňiz.
Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.
Printeri syýa kartrijlerini aýryp goýmaň; ýogsam, golowkanyň lülelerinde galan syýanyň guramagy we hiç zat çap edip bolmazlygy mümkin.
Eger syýa kartrijini wagtlaýynça aýyrmaly bolsaňyz, syýa çykýan ýeri hapadan we tozandan gorap saklaň. Syýa çykýan deşik gapdala bolar ýaly edip, kartriji printer bilen birmeňzeş şertlerde saklaň. Syýa çykýan deşigiň özünde artykmaç syýany goýberýän klapan bardygy sebäpli, ýörite gapak ýa-da dyky gözläp oturmak gerek däl.
Aýrylan kartrijlerde syýa çykýan deşigiň töwereginde syýa bar bolmagy mümkin, şonuň üçin, seresap boluň, kartriji aýranyňyzda daş-töwerege syýa degräýmäň.
Bu printeriň ulanýan kartrijlerinde maglumatlara (mes. her kartrijde galan syýanyň möçberine) gözegçilik edýän ýaşyl reňkli çip goýlandyr. Ýagny, heniz gutarmanka printerden aýran bolsaňyz hem, kartriji printere täzeden dakyp ulanyp bilersiňiz.
Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Size görkezilen sahypa sanyna ol rezerw degişli däldir.
Syýa kartrijiniň häsiýetnamasy we daşky görnüşi, öňünden habar berilmezden, gowulandyrmak maksady bilen üýtgedilmäge degişlidir.
Syýa kartrijini sökmäň ýa-da täzeden modelirlemäň, ýogsam, kadaly çap edip bolmazlygy mümkin.
Printeriň ýany bilen gelen kartrijleri çalşyrmak üçin ulanyp bilmersiňiz.
Syýa kartrijini aýyrmaň we täzeden dakmaň, ýöne zerur bolan halatlar muňa degişli däldir. Eger ony gaýtalap, aýryp dakyp dursaňyz, syýanyň daş-töwerege çyrşalmagy mümkin.
Wakuumly gaplamak sebäpli käbir syýa kartrijleri ýemşeren hem bolsa, syýanyň hili we möçberi kepillendirilýär we olary howpsuz ulanyp bolýar. Köne kartriji çalşyrmaga taýýar däl bolsaňyz, syýa kartrijiniň gabyny açmaň.
Çap ediş golowkasynyň optimal öndürijiligini üpjün etmek üçin, ähli kartrijlerden biraz syýa alnyp, tehniki hyzmat amallary (mes. çap ediş golowkasynyň arassalanmagy we ş.m.) ýerine ýetirilende hem ulanylýar. Printeriň toguny açanyňyzda hem, syýanyň ulanylmagy mümkindir.
Monohrom ýa-da çal reňkde çap edilende, kagyz görnüşiniň ýa-da çap ediş hiliniň sazlamalaryna baglylykda, gara syýa derek reňkli syýalaryň ulanylmagy mümkin. Onuň sebäbi, gara syýa ýasamak üçin reňkli syýalar garylyp ulanylýar.
Çap edýän suratlaryňyza, ulanýan kagyz görnüşiňize, çap ediş ýygylygyňyza we daşky gurşaw şertlerine (mes. temperatura) baglylykda, sahypa sanlary üýtgäp biler.
Printeriň ýany bilen berilýän kartrijlerdäki syýanyň bir bölegi ilkinji gurnaýyşda sarp edilýär. Çykýan kagyzlaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmak üçin, çap ediş golowkasy syýadan doldurylýar. Ol proses bir gezeklik bolup, oňa belli bir möçberde syýa gerek bolýar, şonuň üçin-de, ol kartrijleriň soňraky goýjak kartrijleriňize garanyňda birneme azrak sahypa çap etmekligi mümkindir.