Bu opsiýa Document Capture Pro-da goşmaça aýratynlyklara girmegiňize mümkinçilik berýär. Lisenziýa satyn almak arkaly, aşakdaky aýratynlyklara girip bilersiňiz.
Jikme-jik maglumat üçin, Document Capture Pro kömegine serediň.
DCP Enhanced OCR Windows Server we Mac OS ulgamlaryny goldamaýar.
Goşmaça ýazdyryş formatlary:
Faýl formaty hökmünde Microsoft® Word, Microsoft®Excel® we Microsoft® PowerPoint® saýlap bilersiňiz.
Ýokary hilli öwrüş aýratynlygy (Gözleg edilýän PDF):
Gözleg edilýän PDF-leri ulanmak arkaly, has ýokary hilli öwrüş aýratynlyklaryna-da girip bilersiňiz.
Goşmaça ulanyjy-kesgitlemeli indeksler:
Iş döredýän wagtyňyz, ulanyjy-kesgitlemeli indeks döredip hem bilersiňiz. Ştrihkodlar ýa-da Optiki tekst okaýjy esasynda ulanyjy-kesgitlemeli indeks belläp we ony indeks maglumaty hökmünde çykaryp bilersiňiz.
Indeks zatlaryny çykarmak üçin goşmaça opsiýalar:
Iş döredilende, aşakdaky opsiýalar indeks sazlamalaryna goşulýar.
Index Separation > Document
Indeksi çykaryljak surat faýlynyň birliklerinde ýazdyryp bilersiňiz.
File Name > File Name
Indeks faýlyna skanlanan suratyň faýl adyny hem goşup bilersiňiz.