düwmesine basyp, Wezipe Ýagdaýy menýusyny görkeziň. Printeriň ýa-da işleriň ýagdaýyny barlap bilersiňiz.
|
|
Görkezilýän sanawlary çalyşýar. |
|
|
Işleri funksional filtrläň. |
|
|
Işjeň saýlanylsa, dowam edýän we garaşýan işleriň sanawyny görkezýär. Log saýlanylsa, iş taryhyny görkezýär. Işleri ýatyryp ýa-da işler başa barmasa, taryhda görkezilýän näsazlyk koduny barlap bilersiňiz. |
|
|
Printerde ýüze çykan islendik näsazlygy görkezýär. Näsazlyk hatyny görkezmek üçin, sanawdan näsazlygy saýlaň. |
|
|
Takmynan syýa derejelerini görkezýär. |
|
|
Tehniki hyzmat gutusynyň takmynan hyzmat ömrüni görkezýär. |
|
|
Takmynan energiýa sarp edişi görkezýär. Görkezilýän energiýa möçberi umumy ulanyş üçin gollanmalyk baha bolup, ol önümi ulanyşyňyza baglylykda üýtgäp biler. Takmynan energiýa sarp ediş printeriň ýeke özüniň işlemegi esasynda (hiç hili opsiýa gurnalmadyk) aşakdaky formula arkaly hasaplanylýar. Takmynan energiýa sarp ediş = A×B + C A: çap ediş golowkasynyň çap ediş wagtynda kagyzyň ini boýunça bir gezek öňe-yza gidip gelmegi üçin zerur bolan energiýa mukdary. B: soňky 7 günde çap edilýän wagtynda çap ediş golowkasynyň öňe-yza gidip gelen gezeginiň sany. C: kagyz bermek we beýlekiler üçin gerek bolan energiýa mukdary. Bu önümiň energiýa sarp edişi barada Bu önümiň TEC bahasy*1 Halkara energiýa ýyldyzy programmasyna laýyk gelmek üçin gerek bolan standart bahanyň*2 1/2 bölegi çemesidir. |
*1 TEC diýmek Adaty elektrik toguny sarp edişiň gysgaltmasy bolýar we standart bir hepdäniň energiýa sarp edişi (kWt/sag) bolup durýar (5 gün gaýtalanýan iş we uky / öçük + 2 gün uky / öçük). Bu baha "Halkara energiýa ýyldyzy programmasyna" laýyk gelmek üçin etalon baha hökmünde ulanylýar.
Halkara energiýa ýyldyzy programmasynyň ölçeg usulynyň TEC standardy esasynda, bu önümiň TEC bahasy Epson tarapyndan özbaşdak hasaplanylýar. Bu önümiň TEC bahasy we onuň ölçeme şertleri üçin Epson-yň websaýtyna serediň ýa-da Epson-yň goldawyna ýüz tutuň.
*2 Halkara energiýa ýyldyzy programmasyna laýyk gelýän standart bahalar ajaýyp energiýa tygşytlaýan önümleriň iň meşhur 25%-i şu standarda laýyk geler ýaly edilip bellenilýär.