Barylmaly ýeri Web Config-den Kontaktlara bellige almak (IP faksy ulanylanda)

Alyjyny kontaktlar sanawynda bellige alan wagtyňyz, liniýa sazlamasy hökmünde IP-FAX(IP-LAN) saýlap bilersiňiz.

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzere giriziň.

    Printer bilen şol bir tora birigen kompýuterden printeriň IP salgysyny giriziň.

    Printeriň IP salgysyny aşakdaky menýudan barlap bilersiňiz.

    Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > (Standart) > Tor Ýagdaýy > Simly LAN/Wi-Fi Ýagdaýy

  2. Administrator bolup ulgama girmek üçin, administrator parolyny giriziň.

  3. Aşakdaky yzygiderlikde saýlaň.

    Scan/Copy taby ýa-da Fax taby > Contacts

  4. Bellige almak isleýän belgiňizi saýlap, Edit basyň.

  5. Name we Index Word giriziň.

  6. Type saýlaň (Fax üçin).

    Bellik:

    Bellige alyş gutaransoň, Type opsiýasyny üýtgedip bilmeýärsiňiz. Eger görnüşi üýtgetmek isleseňiz, barylmaly ýeri öçürip, täzeden bellige alyň.

  7. IP-LAN saýlaň (Select Line üçin).

  8. SIP URI arkaly barylmaly ýeri giriziň

    IP faksy barylmaly ýeri

  9. Beýleki gerekli zatlary belläp, Apply basyň.