Kompýuterden administrator parolyny üýtgetmek

Web Config arkaly administrator parolyny düzüp bilersiňiz. Web Config ulanylýarka, printeri tora birikdirmek gerek. Printer tora birikmedik bolsa, standart LAN portuny ýa-da goşmaça tor interfeýs platasyndaky LAN portuny ulanmak arkaly gönümel Ethernet kabeli bilen kompýutere birigiň.

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzere giriziň.

    Düzmek isleýän toruňyzyň (standart/goşmaça) IP salgysyny printer bilen şol bir tora birigen kompýuterden belläň.

    Printeriň IP salgysyny aşakdaky menýudan barlap bilersiňiz.

    Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > (Standart ýa-da Goşmaça) > Tor Ýagdaýy > Simly LAN/Wi-Fi Ýagdaýy

  2. Administrator bolup ulgama girmek üçin, administrator parolyny giriziň.

    Bellik:

    Standart User Name boş.

    Standart administrator paroly üçin, aşakdaky dahylly maglumata serediň.

    Log in saýlaň we administrator parolyny girizip, OK basyň.

  3. Product Security-Change Administrator Password saýlaň.

  4. Current password we New Password we Confirm New Password arkaly parol giriziň. Gerek bolsa, ulanyjy adyny giriziň.

  5. OK saýlaň.

    Bellik:

    Administrator parolyny aslyna dikeltmek üçin, Change Administrator Password ekranynda Restore Default Settings sazlamasyny saýlaň.