> Administrator maglumaty > Printeri dolandyrmak > Içerki ammardan maglumaty pozmak

Içerki ammardan maglumaty pozmak

Içerki ammarda duran maglumaty pozmak üçin sazlamalary belläp bilersiňiz.

Hakykylygy barlanan çap ediş üçin maglumaty, şeýle hem, uly möçberde nusgalamany, skanlamany, çap edişi we ş.m. işlemek üçin, çap ediş, nusgalama we skanlama işleri içerki ammara wagtlaýynça ýazdyrylýar. Ol maglumaty howpsuz pozar ýaly sazlamalary belläň.

Ähli Ýady Öçür

Içerki ammardan ähli maglumaty pozýar. Formatlama dowam edýärkä, başga amallary ýerine ýetirip ýa-da enjamy ýapyp bilmersiňiz.

  • Ýokary tizlik: Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar.

  • Üstünden ýazma: Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden başga maglumat ýazýar.

  • Üç gezek üstünden ýaz: Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden üç gezek başga maglumat ýazýar.