Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.
Sazlamalar > Printeri gurnamak
Printeri gurnamak
Giriş Kagyz Sazlamalary
Kagyz Sazlamasy
Kagyz çeşmesine goýan kagyz ölçegiňizi we kagyz görnüşiňizi saýlaň.
A4/Hat Awto Geçme
Letter edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, A4 ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek ýa-da A4 edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, Letter ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek üçin, Işleýär saýlaň.
Ýalňyşlyk Habary
Saýlanan kagyz ölçegi ýa-da görnüşi goýlan kagyza deň gelmese, ýalňyşlyk haty görkeziler ýaly, Işleýär saýlaň.
Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi
Kagyz çeşmesine kagyz goýlanda, Işleýär saýlap, Kagyz Sazlamasy ekranyny görkeziň. Bu aýratynlygy ýapsaňyz, AirPrint arkaly iPhone-dan, iPad-den ýa-da iPod touch-dan çap edip bilmersiňiz.
Sessiz Reje
Çap edilýärkä sesi peseltmek üçin Işleýär saýlaň, ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler. Saýlanan kagyz görnüşine we çap edişi hili sazlamalaryna baglylykda, printeriň ses derejesinde üýtgeme bolman biler.
Öçmäge wagt bellemek
Satyn alnan ýerine baglylykda, önümiňizde bu funksiýa ýa-da Öçüriş sazlamalary funksiýasy bar bolup biler.
Belli bir wagt ulanylmasa, printeri awtomatik ýapmak üçin, şu sazlamany saýlaň. Energiýa dolandyrmagyň näçe wagtdan başlajagyny sazlap bilersiňiz. Islendik köpeldiş önümiň energiýa netijeliligine täsir eder. Üýtgetme etmezden öň, daşky gurşawy göz öňünde tutuň.
Öçüriş sazlamalary
Satyn alnan ýerine baglylykda, önümiňizde bu aýratynlyk ýa-da Öçmäge wagt bellemek aýratynlygy bar bolup biler.
Ulanylmaýan bolsa öçüriş
Belli bir wagt ulanylmasa, printeri awtomatik ýapmak üçin, şu sazlamany saýlaň. Islendik köpeldiş önümiň energiýa netijeliligine täsir eder. Üýtgetme etmezden öň, daşky gurşawy göz öňünde tutuň.
Baglanşynkdan aýrylan ýagdaýynda öçüriş
Ähli portlar, şol sanda USB porty aýrylyp, belli bir wagt geçensoň, printeri ýapar ýaly, şu sazlamany saýlaň. Sebitiňize baglylykda, bu aýratynlyk elýeterli bolman biler.
Printer hiç bir iş ýerine ýetirmese, uky tertibine girmeli wagtyny sazlaň (energiýa tygşytlaýjy tertip). Bellenen wagt geçensoň, LCD ekran garalýar.
Awto Ýalňyşlyk Düzediji
2 taraply çap ediş ýalňyşlygy ýa-da ýat doly ýalňyşlygy çykanda, ýerine ýetirilmeli hereketi saýlaň.
Işleýär
2-taraply çap ediş ýalňyşlygy çykanda duýduryş görkezýär we ýeke-taraply tertipde görkezýär ýa-da ýat doly ýalňyşlygy çykanda, diňe printeriň edip biljek işini çap edýär.
Öçürilen
Ýalňyşlyk hatyny görkezýär we çap etmegi ýatyrýar.
Syýanyň Guraýan Wagty
2-ýüzli çap edýärkäňiz ulanmak isleýän syýa gurama wagtyňyzy saýlaň.Printer bir ýüze çap edip, beýleki ýüze-de çap edýär.Eger çykýan kagyz çyrşalsa, wagt sazlamasyny köpeldiň.
USB arkaly PC baglanyşygy
USB arkaly birigende, kompýuteriň printere girmegine rugsat berer ýaly Işlet saýlaň. Öçür saýlanylsa, tor birikmesi arkaly iberilmeýän çap ediş we skanlama çäklendirilýär.