> Kagyz goýmak > Yzky kagyz berijä konwertleri goýmak

Yzky kagyz berijä konwertleri goýmak

  1. Berijiniň saklaýjysynyň açyp, kagyz söýgedini çekip çykaryň.

  2. Gyra gönükdirijilerini süýşüriň.

  3. Äpişgeli ýüzüni ýokaryk edip, kagyz söýgediniň ortasyna konwertleri gysga gyrasyny öňde edip goýuň.

    Möhüm:

    Konwert üçin görkezilen maksimum list sanyndan köp goýmaň.

  4. Gyra gönükdirijilerini konwertleriň gyralaryna süýşüriň.

  5. Berijiniň saklaýjysyny detal (A) konwertlere degýänçä egiň.

    Möhüm:
    • Berijiniň saklaýjysynda zat goýmaň. Şeýtseňiz, ol kagyzyň berilmegini bökdäp biler.

    • Berijiniň saklaýjysy kagyz beriş problemalary bolmaz ýaly, ýarpy ýolda saklanmaga dizaýn edilendir. Ony saklanýança egiň.

  6. Kagyz ölçegini we görnüşini saýlaň.

  7. Çykyş lotogyny çekip çykaryň.

    Bellik:

    Galan kagyzy öz paketine salyň. Eger printerde goýsaňyz, kagyzyň düýrlenmegi ýa-da çap ediş hiliniň peselmegi mümkin.