kagyz kassetasy kagyzy dogry bermese, içerki roligi arassalaň.
düwmesini basyp, printeri ýapyň.
Tok şnuruny sogruň we birikmeden aýryň.
Resminama gapagy açyk bolsa ýapyň.
Syýa gutusy gapajygyny jebis ýapyň.
Eger syýa gutusynyň gapajygy jebis ýapylmasa, syýanyň syzmagy mümkin.
Kagyz kassetasyny çykaryp, kagyzy aýryň.
Printeri syýa gutuly tarapyny aşak edip, ýanyn goýuň.
Printeri ýanyn goýýan wagtyňyz eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.
Printeri uzak wagtlap ýanyn goýmaň.
Ýumşak matany suw bilen ölläp, mazaly syrkyň we roligi mata bilen aýlap süpüriň.
Printeri öňki durkuna getiriň we kagyz kassetasyny dakyň.
Tok şnuruny birikdiriň.