Faks Sazlamalary

Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.

Faks > Faks Sazlamalary

Skan sazlamalary:
Çözgüt:

Gidýän faksyň çözgüdini saýlaň. Has ýokary çözgüt saýlasaňyz, maglumat ölçegi has ulalýar we faksy ibermek wagt alýar.

Dykyzlyk:

Gidýän faksyň dykyzlygyny belleýär. + dykyzlygy garaldýar, - ony ýagtyldýar.

Fony aýyr:

Original resminamanyň kagyz reňkini (fon reňk) tapyp, reňki aýyrýar ýa-da ýagtyldýar. Reňkiň goýulygyna we janlylygyna baglylykda, ony aýryp ýa-da ýagtyldyp bolmazlygy mümkin

Ýitilik:

Suratyň ülňüsini güýçlendirýär ýa-da defokuslaýar. + ýitiligi güýçlendirýär, - ýitiligi defokuslaýar.

ADF dow. skanirleme:

Originallary ýeke-ýekeden ýerleşdirip ýa-da originallary ölçegine görä ýerleşdirip, fakslary ibermek arkaly, olary öz asyl ölçeglerinde ýeke resminama görnüşinde iberip bilersiňiz. Bu tema hakda aşakdaky dahylly maglumata serediň.

Original kagyz Ölçegi (aýna):

skanner aýnasyna ýerleşdiren originalyň ölçegini we duruş ugruny saýlaň.

Reňk usuly:

Reňkli ýa-da monohrom skanlamalymy saýlaň.

Faks Ugratma Sazlamalary:
Göni Ugratmak:

Originallary skanlap durka, monohrom faks iberýär. Köp möçberde sahypa iberilýän-de bolsa, skanlanan originallar printeriň ýadynda wagtlaýynça saklanylmaýandygy sebäpli, ýat ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykyp biljek printer näsazlyklaryndan gaça durup bilersiňiz. Üns beriň, bu aýratynlyk arkaly ibermek şonsuz ibermekden has uzaga çekýär. Bu tema hakda aşakdaky dahylly maglumata serediň.

Köp alyja faks iberilýän wagty, bu aýratynlygy ulanyp bilmersiňiz.

Faksy Soňra Ugratmak:

Görkezen wagtyňyzda faks iberýär. Şu opsiýa ulanylanda, diňe monohrom faks elýeterli bolýar. Bu tema hakda aşakdaky dahylly maglumata serediň.

Ugradyjy barada maglum. goşmak:
  • Ugradyjy barada maglum. goşmak

    Gidýän faksda at maglumatyny (iberiji ady we faks belgisi) goşmak isleýän ýeriňizi ýa-da maglumaty goşmazlygy saýlaň.

    - Ýapyk: At maglumatsyz faks iberýär.

    - Suratyň Daşy: Faksyň ýokarky ak çetinde at maglumatly faks iberýär. Ol adyň skanlanan surat bilen üst-üste bolmagynyň öňüni alýar, ýöne originallaryň ölçegine baglylykda, alyjy tarapyndan alnan faksyň iki liste çap edilmegi mümkin.

    - Suratyň Içi: Skanlanan suratyň ýokarsyndan takmynan 7 mm aşagynda at maglumatly faks iberýär. At surat bilen üst-üste düşüp biler, ýöne alyjy tarapyndan alnan faks iki resminama bölünmän biler.

  • Faks Baş Ujy

    Alyjy üçin at saýlaň. Bu aýratynlygy ulanmak üçin, siz öňünden birnäçe ady bellige almaly.

  • Goşmaça Maglumatlar

    Goşmak isleýän maglumatyňyzy saýlaň. Siziň Telefon Belgiňiz we Ýer Sanawy içinden maglumat goşup bilersiňiz.

Geçiriş Hasabaty:

Faks iberilensoň, geçiriş hasabatyny çap edýär.

Çap Ediş Ýalňyşlygy diňe näsazlyk ýüze çykanda hasabat çap edýär.

Hasabata faks suraty goşmak sazlamasy Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Sazlamalary habar ber arkaly bellenilende, näsazlyk bar bolan fakslar hem hasabatyň ýany bilen çap edilýär.

Ähli sazlamalary arassalaň:

Skan sazlamalary we Faks Ugratma Sazlamalary içindäki ähli sazlamalary aslyna nol edýär.