Ugratmak Sazlamalary

Printeriň dolandyryş panelinde aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Ugratmak Sazlamalary

Bellik:
  • Web Config ekranynda aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz.

    Fax taby > Send Settings

  • Parol girizme ekrany görkezilse, paroly giriziň.

Toplumlaýyn Ugratmak:

Şol bir alyja iberilmeli birnäçe faks garaşyp duran bolsa, ol olary birlikde ibermek üçin bir topara jemleýär. Bäş sany resminamany (jemi 100 sahypa çenli) birlikde iberip bolýar. Ol birikme gezegini azaltmak bilen, size geçiriş töleglerini tygşytlamaga kömek edýär.

Başa Barmadyk Mag. Ýada salmak:

Iberip bolmadyk resminamalary printeriň ýadyna ýazdyrýar. Wezipe Ýagdaýy-dan resminamalary täzeden iberip bilersiňiz.

Indiki original kagyz üçin garaşmak wagty:

Indiki originala garaşmagyň wagtyny belläň. Şol wagt gutaransoň, printer faksy ibermäge başlaýar.

Faks synlaw görkeziş wagty:

Skanlanan resminamany ibermezden öň bellenilen wagtyň dowamynda synlap bilersiňiz. Şol wagt gutaransoň, printer faksy ibermäge başlaýar.

PC to FAX Function:

Bu diňe Web Config-de görkezilýär. Müşderi kompýuter arkaly fakslary ibermegi işledýär.