> Problemalary çözmek > LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk barada hat görkezilse, onda problemany çözmek üçin, ekrandaky görkezmeleri ýa-da aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

Näsazlyk barada hatlar

Çözgüt

IP salgy we kiçi tor maska kombinasiýalary dogry däl. Goşmaça maglumatlar üçin resminamaňyzy görüň.

Dogry IP salgysyny ýa-da standart şlýuzy giriziň. Tory gurnan kişä kömek sorap ýüz tutuň.

Çap ediş golowka Sazlama ýatyryldy. Çap ediş golowkasy bilen mesele bar. Epson Goldawyna ýüz tutuň.

Lüle barlagy we golowka arassalamak 3 gezek gaýtalansa-da, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 12 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny we golowka arassalamagy ýene bir gezek gaýtalaň. Biz printeri düwmesi arkaly öçürmegi maslahat berýäris. Eger çap etmegiň hili şonda-da gowulaşmasa, Güýçli Arassalaýyş işlediň.

Güýçli Arassalaýyş işledilse-de, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 12 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny gaýtalaň. Çap edilýän şablona baglylykda, gaýtadan Çap Ediş Başyny Arassala ýa-da Güýçli Arassalaýyş işlediň. Eger şonda-da hil gowulaşmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň.

Aşakdakylara giriň ýa-da jikme-jiklik üçin resminamalara serediň. Tassyklap, soňra [Düşnükli] saýlaň.

Eger QR koduny skanlap bilmeseňiz, akylly enjam bilen birigiň. Goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdakylara serediň.

Akylly enjama birikmek üçin sazlamalary bellemek

Birikdirme ýalňyşy. Birikdirmäni barlaň.

Kompýuter bilen printeri dogry birikdiriň. Eger toruň üsti bilen birigýän bolsaňyz, kompýuterden tor birikmesi usulyny düşündirýän sahypa serediň.

Skanlama edilýärkä näsazlyk haty görkezilse, kompýuterde Epson ScanSmart gurnalgymy-dälmi barlaň.

Kompýutere birikmek üçin sazlamalary bellemek

Daşky tor gurşawyny ulanmaklyk üçin asyl şahadatnamany täzeläň.

Web Config işledip, düýp sertifikaty täzeläň.

Web-brauzerde Web Config işletmek

Kompýutere Epson Event Manager maksatnamany bu aýratynlygy ulanmak üçin gurnaň. Jikme-jik magl. üçin öz resminamaňyza serediň.

Kompýutere Epson ScanSmart gurnaň.

Programmalary aýratyn gurnamak

Haçan komp. tapylmasa, aşakylary berjaý ediň. - Printer bilen komp. ar. birikme (USB ýa-da tor ulg.) - Hökmany maks. gurnamasy - Kompýuter bilen işledilen - Goragyň tor enjamy we howpsuz maksatnama üpj. üçin sazl. - Gaýtadan gözläň Jikme-jik magl. üçin resminamalaryňyza serediň.

Kompýuteriň dogry birigendigini barlaň.

Birikme ýagdaýyny barlamak

Birikme ýagdaýyny barlamak

Kompýuterde Epson ScanSmart gurnalgymy-dälmi anyklaň.

Programmalary aýratyn gurnamak

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin port sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Aşakda görkezilişi ýaly, Printer menýusyndan Aýratynlyk > Port-da printer portunyň dogry saýlanylandygyny anyklaň.

USB birikmesi üçin "USBXXX", ýa-da tor birikmesinde printer draýweri gurnalgy barlag üçin "EpsonNet Print Port" saýlaň.

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin USB sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Kagyz konfigurasiýasy Ýapyk edilip bellenen. Käbir funksiýalar elýeterli bolman biler. Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň.

Eger Kagyz konfigurasiýasy ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

Salynan Ýat karty ulanyp bilenok. Jikme-jik magl. üçin resminamaňyza serediň.

Önüm tarapyndan goldanylýan ýat enjamyny ulanyň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Çap ediş ýatyryldy, sebäbi uzyn kagyz çap edişiň ortasynda çykarylyp biler.1300 mm-den gysga kagyz uzynlygyny belläň.Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň.

Ýokary temperaturalar sebäpli çap etmek uzaga çekýär we çap edişiň orta gürpünde uzyn kagyzyň çykarylmagy mümkin.

  • Kagyzyň uzynlygyny 1,3 m-den gysga edip belläň.

  • 32 °C-dan pes temperaturada çap ediň.

Çap ediş ýatyryldy, sebäbi uzyn kagyz çap edişiň ortasynda çykarylyp biler.Hil sazlamasyny Standart edip belläň.Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň.

Çap ediş maglumatynyň uly göwrümlidigi sebäpli çap etmek uzaga çekýär we çap edişiň orta gürpünde uzyn kagyzyň çykarylmagy mümkin.

Hil sazlamasyny Standart edip belläň.

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna ýetdi. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli.

Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutmak

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna golaýlaýar. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap edişe dowam etmek üçin, OK basyň.

Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutmak

Printer Ýalňyşlygy

Togy öçürip, täzeden açyň. Problema dowam etse, "Dowam et" basyň.

Şulary ýerine ýetiriň:

1. Skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Eger çyrşak bolsa, aňyrsy görünýän plýonkany arassalaň.

Dykylan kagyzy aýyrmak

Aňyrsy görünýän plýonkany arassalamak

2. Skaner bloguny ýapyp, toguny ýapyň we gaýtadan açyň.

Printeriň toguny açyp ýapanyňyzdan soň hem, näsazlyk baradaky hat aýrylmasa, Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutuň.

Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutmak

Ýazdyrylan mahaly ýalňyşlyk peýda boldy. Barlaň we eger gerek bolsa ýat enjamyny çalşyň.

Ýat karty ýaly daşarky ammar enjamyna zeper ýetip biler. Enjam elýeterlimi-dälmi barlaň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Mediýany anyklap bilenok. Mediýa hakynda köň maglumat üçin öz resminamaňyza serediň

Önüm tarapyndan goldanylýan ýat enjamyny ulanyň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

XX içine aşakdaky kagyzy goýduňyzmy?

Çap ediş sazlamalaryny üýtgediň ýa-da kagyz kassetasyndaky çap ediş sazlamalaryna deň gelýän kagyz goýup, kagyz sazlamalaryny üýtgediň.

Bu hatyň indiki gezek görkezilmegini islemeseňiz, Sazlamalar > Gönükdiriji funksiýalar saýlap, Kagyz garşyl. sazlamasyny Off edip belläň.

Recovery Mode

Update Firmware

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.