> Dolandyryş paneli gollanmasy > Öý ekran düzülişi

Öý ekran düzülişi

Tehniki hyzmat gutusynyň takmynan hyzmat ömrüni barlap bilersiňiz.

Tor birikmesi ýagdaýyny görkezýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdakylara serediň.

Tor şekiljigi üçin gollanma

Printer üçin Sessiz Reje bellenendigini görkezýär. Bu aýratynlyk işledilse, printer amallarynyň sesi peselýär, ýöne çap ediş tizligi haýallap biler. Emma, saýlanan kagyz görnüşine we çap ediş hiline baglylykda, sesleri peseldip bolmazlygy mümkin. Sazlamany üýtgetmek üçin basyň. Bu sazlamany Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

Sazlamalar > Printer Sazlamalary > Sessiz Reje

Kömek ekranyny görkezýär. Işlediş görkezmelerini ýa-da problemalara çözgütleri görüp bilersiňiz.

Her menýuny görkezýär.

  • Göçür

    Resminamadyr fotosuratlary nusgalamaga mümkinçilik berýär.

  • Fotosuratlary çap et

    Ýat karty ýa-da USB fläş-disk ýaly ýat enjamyndaky fotosuratlary çap etmäge mümkinçilik berýär.

  • Skanirlemek

    Resminamadyr fotosuratlary skanlap, ýat enjamyna ýa-da kompýutere ýazdyrmaga mümkinçilik berýär.

  • Dürli çap edişler

    Dürli nusgalary çykarmaga ýa-da dizaýn kagyzyny, köp dürli original zatlary çap etmäge mümkinçilik berýär.

  • Sazlamalar

    Tehniki hyzmat, printer sazlamalary we amallary bilen baglanyşykly sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.

  • Hyzmat ediş

    Lüle-barlag şablonyny çap edip we golowka arassalamagy ýerine ýetirip, dykylan lüleleri açmak, şeýle hem, çap ediş golowkasyny deňläp, çykýan kagyzlardaky bulanyklygy ýa-da zolaklary aradan aýyrmak ýaly, çykýan kagyzlaryň hilini gowulandyrmak üçin maslahat berilýän menýulary görkezýär.

  • Smartfon birikmesi

    Printeri akylly enjamyňyza ýa-da planşetiňize birikdirmek üçin, menýuny görkezýär.

Ekrany saga süýşürýär.

Çykyş lotogyny ýerine salýar.