> Problemalary çözmek > Kagyz dykylýar > Dykylan kagyzy aýyrmak

Dykylan kagyzy aýyrmak

Üns beriň:
  • Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

  • Eliňiz printeriň içindekä, hiç wagt dolandyryş paneliniň düwmelerini elläýmäň. Eger printer işläp başlasa, ol size şikes ýetirip biler. Şikes ýetmezligi üçin, çykyp duran detallara degäýmäň.

  1. Kagyz söýgedini uzadyp, yza tarap egiň.

  2. Yzky gapagy aýryň.

  3. Dykylan kagyzy aýryň.

  4. Dykylan kagyzy yzky gapakdan aýryň.

    Möhüm:

    Aşakdaky şekillendirmede görkezilýän şaýlara degmäň. Ýogsam, olara zeper ýetmegi mümkin.

  5. Yzky gapagy printere ýerine salyň.

  6. Resminama gapagy açyk bolsa ýapyň.

  7. Skaner bloguny iki el bilen tä gulplanýança açyň.

  8. Dykylan kagyzy aýryň.

    Möhüm:

    Ak ýasy şleýfi, çala aňyrsy görünýän plýonkany we printeriň içindäki daşamak gulpuny ellemäň. Ol printeriň näsaz bolmagyna eltip biler.

  9. Skaner bloguny ýapyň.

    Bellik:

    Skaner blogy haýal ýapylmaga we barmak gapjalmaz ýaly, biraz garşylyk görkezmäge dizaýn edilendir. Biraz garşylyk duýsaňyz hem, ýapmaga dowam ediň.

  10. Çykyş lotogyny ýapyň.

  11. Kagyz kassetasyny çekip çykaryň.

    Kagyz kassetasy 2-ni çalaja galdyryp, çekip çykaryň.

  12. Dykylan kagyzy aýryň.

  13. Kagyzyň gyralaryny deňläň we gyra gönükdirijilerini kagyzyň gyrasyna süýşüriň.

  14. Kagyz kassetasyny printere giriziň.