Originallary skaner aýnasyna ýa-da awto-berijä ýerleşdiriň.
Awto-berijiniň kömegi bilen köp sanly originaly we originallaryň iki ýüzüni birlikde skanlap bilersiňiz.
Originallary ýerleşdirmek baradaky wideony görmek üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.
saýlap, Usuly > Original kagyzlary Ýerleşdir saýlaň. Görmek isleýän originallaryňyzy ýerleşdirmegiň usulyny saýlaň. Animasiýa ekranyny ýapmak üçin, Gutardy saýlaň.

Resminama gapagyny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.
Köp sanly original (mes. kitap) goýanyňyzda, skaner aýnasyna daşarky ýagtylygyň göni düşmegine ýol bermäň.
Skaner aýnasyna ýa-da skaner gapagyna gaty zor salmaň. Ýogsam, olara zeper ýetmegi mümkin.
Skaner aýnasynyň ýüzünde galyndy ýa-da hapa bar bolsa, şony hem almak üçin, skanlama aralygy giňelip biler, şeýlelikde originalyň suratynyň süýşmegi ýa-da kiçelmegi mümkin. Skanlamazdan öň, skaner aýnasyndaky islendik hapa-hupany aýryň.

Skaner aýnasynyň burçundan 1,5 mm aralyk skanlanmaýar.
Originallar ADFde we skaner aýnasynda goýlanda, ADFdäki originallar öňürti skanlanýar.
Käbir ölçegleri awtomatik tapyp bolmazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýda, originallaryň ölçegini elde saýlaň.
Originallary skaner aýnasynda uzak wagtlap galdyrsaňyz, olaryň aýnanyň ýüzüne ýelmeşmegi mümkin.
Originallary ADFniň gyra gönükdirijisinde üçburçlyk bilen görkezilen çyzykdan ýokarda goýmaň.

Skanlama dowam edýärkä, originallary goşmaň.
Käbir ölçegleri awtomatik tapyp bolmazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýda, originallaryň ölçegini elde saýlaň.