Ulgam Dolandyrylyşy

Bu menýuny ulanmak bilen, siz önüme ulgam administratory hökmünde tehniki hyzmat edip bilersiňiz. Ol size öz iş ýa-da ofis stiliňize görä ulanyjylara önüm funksiýalaryny çäklendirmäge hem mümkinçilik berýär.

Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Ulgam Dolandyrylyşy

Kontaktlary Dolandyryjy
Bellige al/Öçür:

Faks, Kompýutere (Elektron poçta) we Tor Bukjasyna/FTP Skanirlemek menýulary üçin kontaktlary bellige alyň we/ýa-da öçüriň.

Ýygy:

Ýygy ulanylýan kontaktlary çalt girer ýaly bellige alyň. Sanawyň yzygiderligini üýtgedip hem bilersiňiz.

Kontaktlary Çap Etmek:

Kontakt sanawyňyzy çap ediň.

Opsiýalary görmek:

Kontaktyň görkezilýän usulyny üýtgediň.

Opsiýalary gözlemek:

Kontaktlary gözlemek usulyny üýtgediň.

Içki Ýat Maglumaty arassalamak:

Printeriň içerki ýat maglumatyny (mes. parollar bilen dahylly işler) öçüriň.

Howpsuzlyk:

Aşakdaky howpsuzlyk sazlamalaryny belläp bilersiňiz.

Çäklendirmeler:

Panel gulpy işledilende, aşakdaky zatlaryň sazlamalaryny üýtgetmäge rugsat beriň.

  • Iş log girişi

  • Bellige Almaga Giriş/Kontaktlary Öçür

  • Faks Soňky giriş

  • Faks Geçiriş Žurnalyna giriş

  • Faks Hasabatyna giriş

  • Tor Bukjasyna/FTP Skanirlemek Ýat Taryhy Çap Etmek üçin Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Soňky Ýerlerine Giriş

  • Elktrn pçtsna sknrlmk Sňky Ibrln Tarhny Grkzmk üçn Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Iberln Taryhy Çp Etmk üçn Girş

  • Dile Giriş

  • Galyň Kagyz Giriş

  • Sessiz Tertip Giriş

  • Şahsy Maglumatlaryň Goralmagy

Giriş Gözegçiligi:

Önüm aýratynlyklaryny çäklendirmek üçin, Açyk saýlaň. Ol ulanyjylaryň dolandyryş paneliniň aýratynlyklaryny ulanyp bilmegi üçin öz ulanyjy adyny we parolyny ulanyp, önümiň dolandyryş paneline girmegini talap edýär. Bilinmeýän ulanyjy işlerini kabul etmek arkaly gerekli hakykylyk-barlag maglumaty ýok bolan işlere rugsat bermelimi-dälmi saýlap bilersiňiz.

Dolandyryş Sazlamalary:
  • Dolandyryjy Açarsözi

    Administrator parolyny belläň, üýtgediň we aýryň.

  • Sazlamalary Gulplamak

    Dolandyryjy Açarsözinda bellige alnan parol arkaly dolandyryş panelini gulplamalymy-dälmi saýlaň.

Parol şifrlemesi:

Parolyňyzy şifrlemek üçin, Açyk saýlaň. Täzeden işledilip durka togy öçürseňiz, maglumata zeper ýetip biler we printer sazlamalary aslyna dikeldilýär. Şeýle bolanda, parol maglumatyňyzy täzeden belläň.

Müşderileri öwreniş:

Çap edişleriň sany ýaly önüm ulanyş maglumatyny Seiko Epson Corporation-a bermek üçin, Tassykla saýlaň.

Öňki Sazlamalary Dikelt:

Aşakdaky menýularyň sazlamalaryny aslyna nol ediň.

  • Tor Sazlamalary

  • Sazlamalary Göçürmek

  • Skan sazlamalary

  • Faks Sazlamalary

  • Ähli Maglumatlary we Sazlamalary Arassala

Firma progr. täzele:

Siz häzirki wersiýa ýaly proşiwka maglumatyny we elýeterli täzelemeler hakda maglumaty alyp bilersiňiz.

Täzele:

Tor serwerine iň täze proşiwka wersiýasy ýüklenenmi-dälmi barlaň.Eger täzeleme elýeterli bolsa, täzeläp başlamalymy-dälmi saýlaň.

Duýduryş:

Proşiwka täzelemesi elýeterli bolsa, habarnama almak üçin, Açyk saýlaň.