Eger printeriň daşky korpusy hapa ýa-da tozanly bolsa, printeri öçüriň we ýumşak, arassa hem-de çygly mata bilen arassalaň. Hapany aýryp bilmeseňiz, näzik ýuwujy serişde bilen çyglandyrylan ýumşak, arassa hem-de çygly mata bilen arassalap görüň.

Printer mehanizminiň ýa-da islendik elektrik komponentiniň üstünde suw dökäýmäň. Ýogsam, printere zeper ýetip biler.
Printeriň gapagyny arassalamak üçin hiç wagt alkogol (spirt) ýa-da boýag suwaldyjy ulanmaň. Ol himiki serişdeler komponentlere we korpusa zeper ýetirip biler.
Ak ýasy şleýfi, çala aňyrsy görünýän plýonkany we printeriň içindäki syýa turbajyklaryny ellemäň. Ol printeriň näsaz bolmagyna eltip biler.
