Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.
Siz administratoryň gulplan sazlamalaryny üýtgedip bilmeýärsiňiz.
Kagyz çeşmesine goýan kagyz ölçegiňizi we kagyz görnüşiňizi saýlaň.Kagyz ölçeginde we kagyz görnüşinde Halanýan kagyz sazlamalary belläp bilersiňiz.
Letter edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, A4 ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek ýa-da A4 edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, Letter ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek üçin, Açyk saýlaň.
Kagyz gutaranda, çap edişleriniň kagyz sazlamalary bilen birmeňzeş sazlamalary bar bolan kagyz çeşmesinden awtomatik kagyz berilýär. Nusgalamakda, faksda we ş.m. her funksiýa üçin her kagyz çeşmesine awtomatik saýlaw belläp bilersiňiz. Bar zady ýapyk edip belläp bilersiňiz.
Çap ediş işleri üçin kagyz sazlamalarynda belli bir kagyz çeşmesini saýlasaňyz, bu sazlama ýapylýar. Printer draýweriniň Baş Sahypa tabyndaky kagyz görnüşi sazlamasyna baglylykda, kagyzyň awtomatik berilmezligi mümkin.
Printer draýwerini ulanman, daşarky enjam arkaly çap edeniňizde, şu çap ediş sazlamalary ulanylýar. Printer draýweri arkaly çap edeniňizde, ofse sazlamalary ulanylýar.
Kagyzyň ýokarky çetini sazlaň.
Kagyzyň çep çetini sazlaň.
2-ýüzli çap edilende, sahypanyň arka ýüzüniň ýokarky çetini sazlaň.
2-ýüzli çap edilende sahypanyň arka tarapy üçin çep araçägi sazlaň.
Çap etmezden öň, kagyzyň inini barlamak üçin, Açyk saýlaň. Ol kagyz ölçegi sazlamasy ýalňyş bolsa, kagyzyň gyrasyndan daşarda çap edilmeginiň öňüni alýar, emma çap ediş tizligi haýallap biler.
Çap ediş maglumatynda boş sahypalardan awtomatik geçip gidýär.
2 taraply çap ediş ýalňyşlygy ýa-da ýat doly ýalňyşlygy çykanda, ýerine ýetirilmeli hereketi saýlaň.
Açyk
2-taraply çap ediş ýalňyşlygy çykanda duýduryş görkezýär we ýeke-taraply tertipde görkezýär ýa-da ýat doly ýalňyşlygy çykanda, diňe printeriň edip biljek işini çap edýär.
Öçür
Ýalňyşlyk hatyny görkezýär we çap etmegi ýatyrýar.
Ýat Enjamy:
Printeriň dakylgy ýat enjamyna girişine rugsat bermek üçin, Işlet saýlaň.Öçür saýlanylsa, printer bilen ýat enjamyna maglumat ýazdyryp bilmeýärsiňiz.Bu gizlin resminamalaryň bikanun ýagdaýda öçürilmeginiň öňüni alýar.
Faýly Paýlamak:
Ýat enjamyna USB-birikmeli kompýuterden ýa-da tor-birikmeli kompýuterden ýazuw girişini bermelimi-dälmi saýlaň.
Çykýan kagyzlara syýa çyrşalmaz ýaly, Açyk saýlaň, ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler.
Çap edilýärkä sesi peseltmek üçin Açyk saýlaň, ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler. Saýlanan kagyz görnüşine we çap edişi hili sazlamalaryna baglylykda, printeriň ses derejesinde üýtgeme bolman biler.
2-ýüzli çap edýärkäňiz ulanmak isleýän syýa gurama wagtyňyzy saýlaň.Printer bir ýüze çap edip, beýleki ýüze-de çap edýär.Eger çykýan kagyz çyrşalsa, wagt sazlamasyny köpeldiň.
Çap ediş ugruny üýtgetmek üçin, Açyk saýlaň; Çap ediş golowkasy çepe we saga hereket edýärkä çap edýär.Eger çykýan kagyzdaky dik ýa-da kese lineýka çyzyklary bulanyk ýa-da gyşyk görünýän bolsa, bu funksiýany ýapmak problemany çözüp biler; ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler.