Çap ediş hilini sazlamak

Eger dik çyzyklaryň deň düşmeýänini, suratlaryň bulanyk çykýanyny ýa-da kese zolaklary görseňiz, çap ediş hilini sazlaň. Her kagyzyň çap ediş hilini sazlamak isleýän bolsaňyz, ilki bilen şu sazlamany belläň. Şu sazlamany her kagyz üçin sazlanyňyzdan soň belleseňiz, her kagyzyň sazlama bahasy nol edilýär.

  1. Printeriň dolandyryş panelinde Hyzmat ediş saýlaň.

  2. Çap ediş hilini sazlamak saýlaň.

  3. Çap ediş hilini gowulandyrar ýaly, printeri barlamak üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

    Çap ediş golowkasyny arassalamagy maslahat berýän hat görkezilse, çap ediş golowkasyny arassalamagy ýerine ýetiriň.

  4. Çap ediş golowkasyny deňlemek üçin şablonlary çap eder ýaly, kagyz goýup, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň

  5. Çap edilen şablonlary barlap, çap ediş golowkasyny deňläň.

    • Çykýan kagyzlar bulanyk görünse, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň bitewi şablonyň belgisini tapyp saýlaň.
    • Dik lineýka çyzyklary gyşarsa, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň az möçberde deň düşmeýän dik çyzyk bar bolan şablonyň belgisini tapyp saýlaň.
    • Yzygider kese zolaklar görseňiz, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň az aralykly we üst-üste düşýän şablonyň belgisini tapyp giriziň.