> Nusgalamak > Nusgalamak üçin esasy menýu opsiýalary

Nusgalamak üçin esasy menýu opsiýalary

Bellik:

Bellän başga sazlamalaryňyza baglylykda, käbir zatlar elýeterli bolman biler.

Reňk usuly:

Reňkli ýa-da ak-gara nusgalamalymy saýlaň.

  • Ak-Gara

    Originaly ak-gara (monohrom) nusgalaýar.

  • Reňk

    Originaly reňkli nusgalaýar.

Dykyzlyk:

Nusgalama netijeleri solgun çyksa, dykyzlyk derejesini köpeldiň. Syýa çyrşalsa, dykyzlyk derejesini azaldyň.

Kagyz Sazlamasy:

Ulanmak isleýän kagyz çeşmäňizi saýlaň. Awto saýlanylsa, awto-tapylan original ölçegine we görkezilen ulaldyş ölçegine baglylykda, oňaýly ölçeg awtomatik berilýär.

Kiçelt/Ulalt:

Ulaldyş ýa-da kiçeldiş ölçeg gatnaşygyny düzýär. Bahany basyň we originaly 25 – 400 % aralygynda ulaltmak ýa-da kiçeltmek üçin ulanar ýaly, ulaldyşy görkeziň.

  • Awto

    Asyl ölçegi kagyz ölçeginiň ulaldyşyna awtomatik ulaldyň ýa-da kiçeldiň. Mysal üçin, eger asyl ölçegi A6 edip belleseňiz we kagyz ölçegini A4 edip belleseňiz, ulaldyş awtomatik 200% möçbere sazlanylýar.

    Originalda ak gyralar bar bolsa, skaner aýnasynyň burç belgisi () tarapdaky ak gyralar skan zolagy diýlip tapylýar, ýöne garşy tarapdaky gyralaryň kesilmegi mümkin.

  • Kagyza laýyk kiçelt

    Kagyz ölçegine sygar ýaly, skanlanan suraty Kiçelt/Ulalt bahasyndan kiçi ölçegde nusgalaýar. Eger Kiçelt/Ulalt bahasy kagyz ölçeginden uly bolsa, maglumat kagyzyň gyralaryndan daşyna çap edilip biler.

  • Hakyky Ölçeg

    100% ulaldyş bilen nusgalaýar.

  • A3→A4 we beýlekiler

    Belli bir kagyz ölçegine sygdyrmak üçin, originaly awtomatik ulaldýar ýa-da kiçeldýär.

Orig. görnüşi:

Originalyň görnüşini saýlaň. Originalyň görnüşine deň geler ýaly optimal hilde nusgalaýar.

2-Taraplaýyn:

2-ýüzli ýerleşim saýlaň.

  • 1→1-Taraply

    Originalyň bir ýüzüni kagyzyň ýeke ýüzüne nusgalaýar.

  • 2>2-Taraplaýyn

    Iki ýüzli originalyň iki ýüzüni hem bir kagyzyň iki ýüzüne nusgalaýar. Originalyň duruş ugruny, originalyň çatyş ornuny we kagyzy saýlaň.

  • 1>2-Taraplaýyn

    Iki sany ýeke ýüzli originaly bir listiň iki ýüzüne-de nusgalaýar. Originalyň duruş ugruny, kagyzyň çatyş ornuny saýlaň.

  • 2>1-Taraplaýyn

    Iki ýüzli originalyň iki ýüzüni hem kagyzyň bir ýüzüne nusgalaýar. Originalyň duruş ugruny, originalyň çatyş ornuny saýlaň.