Printeriň dolandyryş panelinde aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz.
Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Ugratmak Sazlamalary
Bellik:
Web Config ekranynda aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz.
Fax taby > Send Settings
Parol girizme ekrany görkezilse, paroly giriziň.
Ugratmak Sazlamalary
Awtomatiki Aýlama
Awto-berijide ýa-da uzyn gyrasy çep tarapa edilip skaner aýnasynda goýlan A4 ölçegli original A3 ölçegli faks edilip iberilýär. Skanlanan suraty A4 edip iberer ýaly aýlamak üçin, şuny işlediň.
Toplumlaýyn Ugratmak
Şol bir alyja iberilmeli birnäçe faks garaşyp duran bolsa, ol olary birlikde ibermek üçin bir topara jemleýär. Bäş sany resminamany (jemi 100 sahypa çenli) birlikde iberip bolýar. Ol birikme gezegini azaltmak bilen, size geçiriş töleglerini tygşytlamaga kömek edýär.
Başa Barmadyk Mag. Ýada salmak
Iberip bolmadyk resminamalary printeriň ýadyna ýazdyrýar. Wezipe Ýagdaýy-dan resminamalary täzeden iberip bilersiňiz.
Indiki original kagyz üçin garaşmak wagty
Indiki originala garaşmagyň wagtyny belläň. Şol wagt gutaransoň, printer faksy ibermäge başlaýar.
Faks synlaw görkeziş wagty
Skanlanan resminamany ibermezden öň bellenilen wagtyň dowamynda synlap bilersiňiz. Şol wagt gutaransoň, printer faksy ibermäge başlaýar.
PC to FAX Function
Bu diňe Web Config-de görkezilýär. Müşderi kompýuter arkaly fakslary ibermegi işledýär.