> Problemalary çözmek > Problemany çözüp bolmaýar > Çap ediş ýa-da nusgalamak problemalaryny çözüp bolmaýar

Çap ediş ýa-da nusgalamak problemalaryny çözüp bolmaýar

Problemany çözýänçäňiz, aşakdaky problemalary iň ýokardan başlap synap ugraň.

  • Printerde goýlan kagyz ölçegi bilen printere bellenilen kagyz görnüşiniň printer draýwerindäki kagyz görnüşi sazlamalaryna deň gelýändigini anyklaň.

    Kagyz ölçegi we görnüşi sazlamalary

  • Dolandyryş panelinde ýa-da printer draýwerinde has ýokary hil sazlamasyny ulanyň.

  • Çap ediş golowkasyny deňläň.

    Çap ediş golowkasyny deňlemek

  • Çap ediş golowkasynyň lüleleriniň dykylandygyny görmek üçin, lüläni barlagyny işlediň.

    Eger lüle-barlag şablonynda çykmadyk segmentler bar bolsa, lüleleriň dykylan bolmagy mümkin. Golowka arassalamagy we lüle barlagyny 3 sapar gezekleşdirip ýerine ýetiriň we dykylma aýryldymy-ýokmy barlaň.

    Üns beriň, çap ediş golowkasyny arassalamak biraz syýa ulanýar.

    Çap ediş golowkasyny barlamak we arassalamak

  • Printeri öçürip, azyndan 12 sagat garaşyň we dykylma aýryldymy-ýokmy barlaň.

    Eger problema dykylmak bolsa, printeri belli bir wagt çap etmän goýmak problemany çözüp biler.

    Printer öçük wagty aşakdakylary barlap bilersiňiz.

  • Hakyky Epson syýa çüýşelerini ulanýanyňyzy barlaň.

    Hakyky Epson syýa çüýşejiklerini ulanyp görüň. Hakyky däl syýa çüýşejikleriniň ulanylmagy çap etmegiň hilini peseldip biler.

  • Aňyrsy görünýän plýonka çyrşalanmy-dälmi barlaň.

    Eger aňyrsy görünýän plýonka çyrşaklar bar bolsa, çyrşagy emaý bilen süpürip aýryň.

    Aňyrsy görünýän plýonkany arassalamak

  • Printeriň içinde hiç hili kagyz böleginiň galmandygyny anyklaň.

    Kagyzy aýran wagtyňyz, aňyrsy görünýän plýonka ýa-da kagyza el bilen degäýmäň.

  • Kagyzy barlaň.

    Kagyz togalananmy ýa-da çap edilýän ýüzi ýokaryk edilenmi-dälmi barlaň.

    Kagyzy ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

    Elýeterli kagyz we sygymlar

    Elýetersiz kagyz görnüşleri

  • Printeri öçürseňiz, azyndan 12 sagat garaşyň we eger çap ediş hili şonda-da gowulaşmasa, Güýçli arassalaýyş işlediň.

    Güýçli arassalaýyş işletmek

Eger problemany ýokardaky çözgütler arkaly çözüp bilmeseňiz, abatlaýjylara ýüz tutmaly bolmagyňyz mümkin. Epson goldawyna ýüz tutuň.