Sanly sertifikatlamak hakda

  • CA-signed Certificate

    Bu sertifikat CA (sertifikat edarasy) tarapyndan gol çekilen. Ony sertifikat edarasyna ýüz tutup alyp bilersiňiz. Bu sertifikat printeriň barlygyny tassyklaýar we maglumat aragatnaşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiňiz üçin SSL/TLS aragatnaşygy üçin ulanylýar.

    Ol SSL/TLS aragatnaşygy üçin ulanylanda, serwer sertifikaty hökmünde ulanylýar.

    Ol IPsec/IP Filtrlemä ýa-da IEEE 802.1X aragatnaşygyna bellenilende, müşderi sertifikaty hökmünde ulanylýar.

  • CA sertifikaty

    Bu sertifikat CA-signed Certificate zynjyryna degişli bolup durýar, oňa aralyk CA sertifikaty hem diýilýär. Beýleki tarapyň serwerine ýa-da Web Config-e girilende, printeriň sertifikatynyň ýoluny barlamak üçin, brauzer tarapyndan ulanylýar.

    CA sertifikaty üçin, printerden girilýän serwer sertifikartynyň ýoluny haçan barlamalydygyny belläň. Printer üçin, SSL/TLS birikmesiniň CA-signed Certificate ýoluny tassyklamaga belläň.

    Printeriň CA sertifikatyny şol sertifikatyň berilýän sertifikat edarasyndan alyp bilersiňiz.

    Beýleki tarapyň serwerini barlamak üçin ulanylýan CA sertifikatyny beýleki serwere CA-signed Certificate beren sertifikat edarasyndan hem alyp bilersiňiz.

  • Self-signed Certificate

    Ol sertifikat printeriň öz goly bilen berýän sertifikatydyr. Oňa düýp sertifikat hem diýilýär. Beriji özüni sertifikatlaýandygy sebäpli, ol ygtybarly bolmaýar we başga kişisiremegiň öňüni alyp bilmeýär.

    Ony howpsuzlyk sazlamasyny bellän we ýönekeý SSL/TLS aragatnaşygyny CA-signed Certificate bolmazdan ýerine ýetireniňizde ulanyň.

    Eger bu sertifikaty SSL/TLS aragatnaşygy üçin ulansaňyz, web-brauzerde howpsuzlyk duýduryşy görkezilmegi mümkin, sebäbi sertifikat web-brauzerde bellige alynmadyk. Self-signed Certificate diňe SSL/TLS aragatnaşygy üçin ulanyp bilersiňiz.