PWH ID kartyna çap etmezden öň, PWH ID kartyny ulanmak baradaky ätiýaçlyk çärelerine serediň.
Printer işläp duran wagty, disk/ID kart lotogyny dakmaň. Ol printere zeper ýetirip biler.
Çap ediş maglumatyny iberýänçäňiz we
çyrasy ýanýança, disk/ID kart lotogyny girizmäň. Ýogsam, näsazlyk ýüze çykýar we lotok çykarylýar.
PWH ID kartyny ýeňil çap etmek üçin, EPSON Photo+ ulanmagy maslahat berýäris. PWH ID kartlaryna çap etmek barada goşmaça jikme-jiklik üçin dahylly maglumata serediň.
Çykyş lotogy çykarylanda, lotokda kagyz ýokdugyny barlaň we el bilen itip, ony ýapyň.
Kompýuterden çap ediş maglumatyny iberiň.
çyrasy ýananda, aşakdaky görkezmeleri berjaý edip, karty goýuň.
Çykyş lotogynyň aşagynda duran disk/ID kart lotogyny aýryň.

Disk/ID kart lotogynyň arassadygyny barlaň. Eger hapa bolsa, ony suw bilen çyglanylan ýumşak, arassa mata bilen arassalaň.

Disk/ID kart lotogynyň arassadygyny anyklamak arkaly, PWH ID kartyny goýanyňyzda kartyň we elleriňiziň hapalanmagynyň öňüni alyp bilersiňiz we uly ähtimallyk bilen, öz niýetlän netijäňizi alarsyňyz.
PWH ID kartyny disk/ID kart lotogynda çap edilýän ýüzüni ýokaryk edip goýuň. Çap ediş maglumatyna laýyklykda, ony disk/ID kart lotogyndaky 1-nji ýa-da 2-nji slota ýa-da ikisine-de ýerleşdiriň.

Lotogyň PWH ID kartly tarapyny printere tarap edip, disk/ID kart lotogyny ýerine salyň. Disk/ID kart lotogyndaky bellikler printeriň öň tarapy bilen deňleşýänçä giriziň.

Lotogy printere salanyňyzda, biraz sürtelme duýmagyňyz mümkin. Ol adaty zat we ony keseligine salmaga dowam ediň.
Çap edip başlamak üçin,
düwmesini basyň.
Çap ediş tamamlanyp, disk/ID kart lotogy awtomatik çykarylanda, ony çekip çykaryň we PWH ID kartyny aýryň.

PWH ID kartynyň arkasyny çap etmek üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň we soňra 5-den 9-a çenli ädimleri gaýtalaň. Çap edip gutaran wagtyňyz, indiki ädime gidiň.
Mazaly syrkylan öl mata bilen disk/ID kart lotogyny süpüriň.

Disk/ID kart lotogyny çykyş lotogynyň aşagynda duran slota yzyna giriziň.
Çap ediş gutaransoň, disk/ID kart lotogyny aýryň. Disk/ID kart lotogyny aýyrmasaňyz we printeriň toguny açmasaňyz/ýapmasaňyz ýa-da golowka arassalamagy işletmeseňiz, lotok çap ediş golowkasyna urlar we printeriň bozulmagyna eltip biler.