Yzky kagyz berijä kagyz goýmak

  1. Berijiniň saklaýjysynyň açyp, kagyz söýgedini çekip çykaryň.

  2. Gyra gönükdirijilerini süýşüriň.

  3. Çap edilýän ýüzüni ýokaryk edip, kagyz söýgediniň ortasyna kagyz goýuň.

    Möhüm:
    • Kagyz üçin görkezilen maksimum list sanyndan köp goýmaň.

    • Kagyzy gysga gyrasyny birinji edip goýuň. Ýöne, uzyn gyrany ulanyjy-kesgitlemeli ölçegiň ini edip belleseňiz, kagyzy uzyn gyrasyny birinji edip goýuň.

  4. Gyra gönükdirijilerini kagyzyň gyralaryna süýşüriň.

    Gyra gönükdirijileri süýşürilensoň, beriji saklaýjysyny ýapyň.

    Möhüm:

    Berijiniň saklaýjysynda zat goýmaň. Şeýtseňiz, ol kagyzyň berilmegini bökdäp biler.

  5. Çykyş lotogyny çekip çykaryň.

    Bellik:

    Galan kagyzy öz paketine salyň. Eger printerde goýsaňyz, kagyzyň düýrlenmegi ýa-da çap ediş hiliniň peselmegi mümkin.