Tehniki hyzmat gutusyny çalşyrmak

Käbir çap ediş döwrelerinde, tehniki hyzmat gutusynda örän az artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Tehniki hyzmat gutusyndan syýanyň syzmazlygy üçin, ol gutynyň siňdiriş güýji öz çägine ýetende, printer çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär. Degişli rugsat berlende, tehniki hyzmat gutusyny çalşyryň. Epson ýagdaý monitory, LCD ekranyňyz ýa-da dolandyryş panelindäki çyralar bu detaly haçan çalşyrmalydygyny aýdar. Gutyny çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar. Bu detala ulanyjynyň özi serwis edip bilýär.

Bellik:

Ol dolanda, syýa syzmaz ýaly, tehniki hyzmat gutusyny çalşyrýançaňyz, çap edip we çap ediş golowkasyny arassalap bilmersiňiz.

  1. Täze tehniki hyzmat gutusyny öz gabyndan aýryň.

    Möhüm:

    Tehniki hyzmat gutusynyň gapdalynda ýerleşýän ýaşyl reňkli çipi ellemäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

    Bellik:

    Ulanylan tehniki hyzmat gutusy üçin täze tehniki hyzmat gutusynyň ýany bilen içi görünýän torba berilýär.

  2. Printeriň gapagyny açyň.

  3. Tehniki hyzmat gutusy gapagyny açyň.

  4. Ulanylan tehniki hyzmat gutusyny aýryň.

    Möhüm:

    Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine päsgel berip we size syýa çyrşap biler.

  5. Ulanylan tehniki hyzmat gutusyny täze tehniki hyzmat gutusynyň ýany bilen berilýän içi görünýän torba salyň we torbanyň agzyny jebis ýapyň.

  6. Täze tehniki hyzmat gutusyny printere içine doly salyň. Gutyny dogry ugra giriziň.

  7. Tehniki hyzmat gutusy gapagyny ýapyň.

  8. Printeriň gapagyny ýapyň.