> Problemalary çözmek > Çyralary we printeriň ýagdaýyny barlamak

Çyralary we printeriň ýagdaýyny barlamak

Dolandyryş panelindäki çyralar printeriň ýagdaýyny görkezýär.

Kadaly ýagdaý

: Açyk

Açyk

Ýagdaý

Printer simsiz (Wi-Fi) tora birigen.

Printer Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) tertibinde tora birigen.

Näsazlyk ýagdaýy

Näsazlyk ýüze çykanda, çyra ýanýar ýa-da ýanyp sönýär. Näsazlygyň anyk maglumaty kompýuteriň ekranynda görkezilýär.

: Açyk

: Ýanyp-sönýär

Açyk

Ýagdaý

Çözgütler

Wi-Fi birikmesinde näsazlyk ýüze çykdy.

Näsazlygy aýryp synanmak üçin, düwmesini basyň.

Kagyz goýulmadyk ýa-da birden köp list berildi.

Eger disk ýa-da PWH ID karty çap edilýärkä bu görkeziji çyrasy ýanyp duran bolsa, disk/ID kart lotogyny dogry giriziň.

Kagyz goýanyňyzdan ýa-da disk/ID kart lotogyny dogry girizeniňizden soň, çap edişe dowam etmek üçin, düwmesini basyň.

Kagyz dykylmagy ýüze çykdy ýa-da disk ýa-da PWH ID karty disk/ID kart lotogyna dogry ýerleşdirilmedi.

Kagyzy aýranyňyzdan ýa-da diski ýa-da PWH ID kartyny çalşyranyňyzdan soň, çap edişe dowam etmek üçin, düwmesini basyň.

Başlangyç syýa goýbermeklik doly gutaran däl bolmagy mümkin.

Başlangyç syýa goýbermegi tamamlamak üçin, Şu ýerden başla plakatyna serediň.

Tehniki hyzmat gutusy hyzmat ömrüniň soňuna ýetip barýar.

Tehniki hyzmat gutusy çalşyrylýança, çyra ýanyp-sönmäge dowam edýär.

we çyralary gezekleşip ýanyp sönýänçä, çap etmäge dowam edip bilersiňiz.

  • Printeriň togy dogry ýapylmady.*

  • Printer işläp durka ýapylandygy sebäpli, lüleleriň gurap dykylan bolmagy mümkin.

* Tok rozetka blogy ýa-da öçürgiç bilen ýapyldy, wilka rozetkadan sogruldy ýa-da elektrik näsazlygy ýüze çykdy.

  • düwmesi basylyp näsazlyk aýrylansoň, lüle barlagyny geçirmegi maslahat berýäris.

  • Printeriň toguny öçürmek üçin, düwmesini basyň.

Gezekleşip ýanyp-sönýär:

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmaly.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap etmäge dowam edip bilersiňiz diýen hat kompýuterde görkezilende, çap etmäge dowam etmek üçin, düwmesini basyň. Wagtyň geçmegi bilen çyralaryň ýanyp-sönmegi durar, ýöne olar prokladka çalşyrylýança wagtal-wagtal ýanyp-sönüp durarlar.

Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli.

Birlikde ýanyp-sönýär:

Syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy.

Syýa prokladkasyny çalşyrmaly. Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň. Syýa prokladkalaryna ulanyjynyň özi serwis edip bilmeýär.

Kompýuterde görkezilýän hatyň barlaň we soňra näsazlygy arassalamak ýa-da dowam etmek üçin, düwmesini basyň.

Syýa prokladkasy hyzmat ömrüniň soňuna ýeten bolsa, onda ony arassalamagy ýerine ýetirip bolmaýar. Çap edişi ýerine ýetirip bolýar, ýöne çykýan kagyzlaryň hilini kepillendirip bolmaýar.

Daşamak gulpy gulplanan.

Daşamak gulpy açylansoň, çap edişe dowam etmek üçin, düwmesini basyň.

Gezekleşip ýanyp-sönýär:

Aşakdaky meseleleriň biri ýüze çykdy:

  • Güýçli arassalaýyş ýa-da çap ediş golowkasyny arassalamagy ýerine ýetirip bolmaýar, sebäbi tehniki hyzmat gutusynda ýeterlik boş ýer ýok.

  • Tehniki hyzmat gutusy dogry dakylmadyk.

  • Tehniki hyzmat gutusy hyzmat ömrüniň soňuna ýetdi.

Aşakdakylaryň birini ýerine ýetiriň.

Güýçli arassalaýyş ýa-da çap ediş golowkasyny arassalamak ýerine ýetirilende:

  • Tehniki hyzmat gutusyny çalşyryň, düwmesini basyp, näsazlygy arassalaň we täzeden synanyň.

  • Ätiýaçlyk tehniki hyzmat gutusyny dessine taýýarlap bilmeseňiz, düwmesini basyp, näsazlygy arassalaň. Çap edişi ýerine ýetirip bolýar, ýöne çykýan kagyzlaryň hilini kepillendirip bolmaýar. Eger näsazlyk ýüze çykmaga dowam etse, tehniki hyzmat gutusyny çalşyryp, düwmesini basyň.

Ýokarkylardan başga:

Tehniki hyzmat gutusyny dogry dakanyňyzdan soň, düwmesini basyň.

Eger täzeden dakylansoň hem näsazlyk ýüze çykmaga dowam etse, tehniki hyzmat gutusyny çalşyryp, düwmesini basyň.

Çykyş lotogy çykarylmady.

Lotogy çekip çykaryň.

çyrasyndan başga ähli çyralar ýanýar.

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady.

Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

Ähli çyralar, şol sanda çyrasy ýanyp-sönýär.

Printer näsazlygy ýüze çykdy.

Printeriň içindäki islendik kagyzy aýryň. Togy öçürip, täzeden açyň.

Printeriň toguny açyp ýapanyňyzdan soň hem näsazlyk aýrylmasa, Epson-yň goldawyna ýüz tutuň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.