> Möhüm görkezmeler > Printer barada maslahatlar we duýduryşlar > Printeri ulanmak üçin maslahatlar we duýduryşlar

Printeri ulanmak üçin maslahatlar we duýduryşlar

  • Printerdäki slotlara zat dykmaň.

  • Çap edilýärkä, printeriň içine eliňizi salmaň.

  • Printeriň içindäki ak ýasy şleýfi we syýa týubiklerini ellemäň.

  • Ýanýan gazly aerozol önümlerini printeriň içinde ýa-da ýanynda ulanmaň. Ol ýangynyň döremegine eltip biler.

  • Eger şeýle görkezilmedik bolsa, çap ediş golowkasyny el bilen süýşürmäň; ýogsam, printere zeper ýetirmegiňiz mümkin.

  • Eger aşaky çyzykdan pese düşen syýa gutusy bar bolsa, uzak eglemän syýa guýuň.Syýa aşaky çyzykdan pese düşen wagty, printeri köp wagtlap ulanmak oňa zeper ýetirip biler.

  • Printeri hemişe düwmesiniň kömegi bilen ýapyň. çyrasy ýanyp sönmegini goýýança, printeri tokdan sogurmaň ýa-da tok bloguny öçürmäň.

  • Eger printeri uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, onda tok şnuruny hökman elektrik rozetkasyndan aýryň.