Birikme ýagdaýyny barlamak

Kompýuteriň we printeriň birikme ýagdaýyny barlamak üçin, Epson Printer Connection Checker ulanyň. Barlagyň netijelerine baglylykda, problemany çözüp bilmegiňiz mümkin.

  1. Iş stolundaky Epson Printer Connection Checker şekiljigini iki gezek basyň.

    Epson Printer Connection Checker başlaýar.

    Iş stolunda şekiljik ýok bolsa, aşakdaky usullary berjaý edip, Epson Printer Connection Checker başladyň.

    • Windows 10
      Başlat düwmesini basyp, Epson Software > Epson Printer Connection Checker saýlaň.
    • Windows 8.1/Windows 8
      Gözleg gutusyna programmanyň adyny ýazyň we görkezilen şekiljigi saýlaň.
    • Windows 7
      Başlat düwmesini basyp, Ähli programmalar > Epson Software > Epson Printer Connection Checker saýlaň.
  2. Barlamak üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

    Bellik:

    Eger printeriň ady görkezilmeýän bolsa, hakyky Epson printer draýwerini gurnaň.

    Hakyky Epson printer draýweri gurnalgymy-dälmi barlamak — Windows

Problemany anyklasaňyz, ekranda görkezilýän çözgüdi berjaý ediň.

Problemany çözüp bilmeseňiz, ýagdaýyňyza laýyklykda aşakdakylary barlaň.