Çap edilýän reňki sazlamak

Çap edilýän işde ulanylýan reňkleri sazlap bilersiňiz. Ol sazlamalar original maglumatda ulanylmaýar.

PhotoEnhance original suratyň kontrastyny, doýgunlygyny we ýagtylygyny awtomatik sazlamak arkaly, has ýiti suratlary we has janly reňkleri döredýär.

Bellik:

PhotoEnhance subýektiň ýerini seljermek arkaly, reňki sazlaýar. Şol sebäpli, suraty kiçeldip, ulaldyp, kesip ýa-da aýlap, subýektiň ýerini üýtgeden bolsaňyz, onda reňkiň duýdansyz üýtgemekligi mümkin. Araçäksiz sazlamany saýlamaklyk hem subýektiň ýerini üýtgetmek arkaly, reňki üýtgedip bilýär. Eger surat fokusyň daşynda bolsa, öwüşginiň tebigy bolmazlygy mümkin. Eger reňk üýtgese ýa-da tebigy bolmasa, PhotoEnhance-den başga tertipde çap ediň.

  1. Printer draýweriniň Goşmaça Opsiýalar tabynda, Reňk Düzeltmeler sazlamasyndan reňk düzediş usulyny saýlaň.

    • Awtomatik: Bu sazlama kagyzyň görnüşi bilen çap ediş hiliniň sazlamalaryny deň getirmek üçin, reňkleri awtomatik sazlaýar.
    • Ulanyjyň Kesgitläni: Giňişleýin bassaňyz, öz sazlamalaryňyzy belläp bilersiňiz.
  2. Gerek bolsa, Baş Sahypa we Goşmaça Opsiýalar tablarynda başga zatlary hem belleşdirip, OK basyň.

  3. Çap et basyň.