Dolandyryş panelindäki çyralar printeriň ýagdaýyny görkezýär.

: Açyk
|
Açyk |
Ýagdaý |
|---|---|
![]() |
Printer simsiz (Wi-Fi) tora birigen. |
![]() |
Printer Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) tertibinde tora birigen. |
Näsazlyk ýüze çykanda, çyra ýanýar ýa-da ýanyp sönýär. Näsazlygyň anyk maglumaty kompýuteriň ekranynda görkezilýär.
/
: Açyk
/
: Ýanyp-sönýär
|
Açyk |
Ýagdaý |
Çözgütler |
|---|---|---|
![]() |
Wi-Fi birikmesinde näsazlyk ýüze çykdy. |
Näsazlygy aýryp synanmak üçin, |
![]() |
Başlangyç syýa goýbermeklik doly gutaran däl bolmagy mümkin. |
Başlangyç syýa goýbermegi tamamlamak üçin, Şu ýerden başla plakatyna serediň. |
![]() |
Kagyz goýulmadyk ýa-da birden köp list berildi. |
Kagyz goýup, |
![]() |
Kagyz dykyldy. |
Kagyzy aýryp, Eger dykylan kagyz aýrylyp, tok ýapylyp açylansoň, kagyz dykylma näsazlygy dowam etse, printeriň içinde kagyz galan bolmagy mümkin. Yzky kagyz berijä A4 ölçegli kagyz ýükläp, içindäki kagyzy aýyrmak üçin, Eger näsazlygy aýryp bolmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň. |
![]() |
* Tok rozetka blogy ýa-da öçürgiç bilen ýapyldy, wilka rozetkadan sogruldy ýa-da elektrik näsazlygy ýüze çykdy. |
|
![]() |
Syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy. |
Syýa prokladkalaryny çalşyrmaly. Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*1 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Çap etmäge dowam edip bilersiňiz diýen hat kompýuterde görkezilende, çap etmäge dowam etmek üçin |
|
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy. |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmaly. Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*2 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Çap etmäge dowam edip bilersiňiz diýen hat kompýuterde görkezilende, çap etmäge dowam etmek üçin Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli. |
|
![]() |
Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. |
Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň. 1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.) 2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň. |
![]() |
Printer näsazlygy ýüze çykdy. |
Printeriň içindäki islendik kagyzy aýryň. Togy öçürip, täzeden açyň. Printeriň toguny açyp ýapanyňyzdan soň hem näsazlyk aýrylmasa, Epson-yň goldawyna ýüz tutuň. |
*1 Käbir çap ediş döwrelerinde, syýa prokladkasynda örän az artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, printer çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.
*2 Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.