> Problemalary çözmek > Syýa guýmaga çen boldy > Syýa gutularyna syýa guýmak

Syýa gutularyna syýa guýmak

  1. Syýa gutusy gapagyny açyň.

  2. Syýa gutusy gapajygyny açyň.

    Möhüm:

    Syýa gutusynyň reňki bilen guýmakçy bolýan syýaňyzyň reňki deň bolmalydyr.

  3. Syýa çüýşejigini dik saklap, gapajygy ýuwaşja towlap aýryň.

    Möhüm:
    • Epson hakyky Epson syýa çüýşejiklerini ulanmaklygy maslahat berýär.

    • Seresap boluň, syýany dökäýmäň.

  4. Syýa gutusyndaky (a) ýokarky çyzygy barlaň.

  5. Syýa çüýşejiginiň depesini guýuş portuna gabatlap, ony göni porta giriziň we syýany ýokarky çyzyga çenli öz-özi durýança guýuň.

    Syýa çüýşesini dogry reňkdäki dolduryş portuna girizen wagtyňyz, syýa guýlup başlaýar we syýa ýokarky çyzyga ýetende, onuň akmagy öz-özünden durýar.

    Eger syýa guta akyp başlamasa, çüýşejigi aýryp, täzeden dakyň. Ýöne, syýa ýokarky çyzyga ýetende, syýa çüýşejigini aýyrmaň we täzeden dakmaň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.

  6. Syýany guýup bolanyňyzdan soň, syýa çüýşejigini aýryň we syýa gutusynyň gapajygyny jebis ýapyň.

    Möhüm:

    Syýa çüýşejigini dakylgy galdyrmaň; ýogsam, çüýşejige zeper ýetirip ýa-da syýa syzyp biler.

    Bellik:

    Eger çüýşejikde syýa galsa, gapajygyň berk ýapyp, soň ulanmak üçin dik görnüşde ýygnap goýuň.

  7. Syýa gutusy gapagyny berk ýapyň.