Prosedura Web-kino gollanmalary arkaly hem tomaşa edip bilersiňiz. Aşakdaky websaýta giriň.
https://support.epson.net/publist/vlink.php?code=NPD7020
Eliňiz printeriň içindekä, hiç wagt dolandyryş paneliniň düwmelerini elläýmäň. Eger printer işläp başlasa, ol size şikes ýetirip biler. Şikes ýetmezligi üçin, çykyp duran detallara degäýmäň.
Dykylan kagyzy aýryň.

Öň tarapky gapagy açyň.

Skaner bloguny tyrkyldaýança açyň.

Printeriň içindäki suratda görkezilýän şaýlara degmäň. Ol printeriň näsaz bolmagyna eltip biler.

Dykylan kagyzy aýryň.

Printeriň içindäki suratda görkezilýän şaýlara degmäň. Ol printeriň näsaz bolmagyna eltip biler.

Skaner bloguny ýapyň.
Howpsuzlyk üçin, skaner blogy iki ädimde ýapylýar.

Skaner bloguny gaýtadan açmak üçin, ilki bilen doly ýapmaly.
Öňdäki gapagy ýapyň.
