Eger Epson önümiňiz talabalaýyk işlemeýän bolsa we önümiň gollanmalarynda görkezilýän näsazlyklary düzediş maglumatynyň esasynda problemany çözüp bilmeseňiz, onda kömek soramak üçin Epson goldaw hyzmatlaryna ýüz tutuň.
Aşakdaky Epson goldaw sanawy satyş ýurduna esaslanýar. Käbir önümleriň häzirki ýerleşýän ýeriňizde satylmaýan bolmagy mümkin, şol sebäpli önümiňizi satyn alan sebitiňiz üçin Epson goldawyna ýüz tutuň.
Eger aşakdaky sanawda siziň sebitiňiz üçin Epson goldawy ýok bolsa, önümi satyn alan ýeriňizdäki dilere ýüz tutuň.
Eger şu aşakdaky maglumatlary berseňiz, Epson goldaw topary size has çalt kömek edip biler:
Önümiň seriýa belgisi
(Etiketkanyň berkidilen ýeri önüme baglydyr; ol arka tarapda, gapagyň açyk ýüzünde ýa-da aşakda bolup biler).
Önümiň modeli
Önümiň programma üpjünçiligi modeli
(Önümiň programma üpjünçiliginde Hakynda, Wersiýa maglumaty ýa-da şoňa meňzeş düwmä basyň.)
Kompýuteriňiziň markasy we modeli
Kompýuteriňizdäki operasion ulgamyň ady we wersiýasy
Köplenç önüm bilen bilelikde ulanýan programma üpjünçiligi programmalaryňyzyň atlary we wersiýalary
Önüme baglylykda, tor sazlamalarynyň önümiň ýadynda saklanylmagy mümkin. Önümiň döwülmegi ýa-da bejerilmegi sebäpli, sazlamalaryň ýitmegi mümkin. Kepillik möhletiniň dowamynda hem bolsa, sazlamalaryň ätiýaçlanmagy ýa-da dikeldilmegi sebäpli maglumatlar ýiten ýagdaýynda Epson jogapkärçilik çekmeýär. Maglumaty ätiýaçlamagyňyzy ýa-da belläp almagyňyzy maslahat berýäris.