Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.
Sazlamalar > Printeri gurnamak
Printeri gurnamak
Esasy sazlamalary ulanmazdan öň
Şu menýu toparynda şu aşakdaky zatlar diňe ET-4800 Series/L5290 Series üçindir.
Ses
Sene/Wagt Sazlamalary
Ýurt/Sebit
Giriş Kagyz Sazlamalary
Kagyz Sazlamasy
Kagyz çeşmesine goýan kagyz ölçegiňizi we kagyz görnüşiňizi saýlaň.
A4/Hat Awto Geçme
Letter edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, A4 ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek ýa-da A4 edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, Letter ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek üçin, Işleýär saýlaň.
Ýalňyşlyk Habary
Saýlanan kagyz ölçegi ýa-da görnüşi goýlan kagyza deň gelmese, ýalňyşlyk haty görkeziler ýaly, Işleýär saýlaň.
Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi
Kagyz çeşmesine kagyz goýlanda, Işleýär saýlap, Kagyz Sazlamasy ekranyny görkeziň. Bu funksiýany ýapsaňyz, AirPrint arkaly iPhone-dan ýa-da iPad-dan çap edip bilmersiňiz.
Ses
Sesi sazlaň.
Sesini Öçür
Ähli sesi ýapmak üçin, Işleýär saýlaň.
Adaty tertip
Düwma Basmak ýaly sesi saýlaň.
Sessiz Tertip
Düwma Basmak ýaly sesi Sessiz Reje içinde saýlaň.
Sessiz Reje
Çap edilýärkä sesi peseltmek üçin Işleýär saýlaň, ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler. Saýlanan kagyz görnüşine we çap edişi hili sazlamalaryna baglylykda, printeriň ses derejesinde üýtgeme bolman biler.
Öçmäge wagt bellemek
Satyn alnan ýerine baglylykda, önümiňizde bu funksiýa ýa-da Öçüriş sazlamalary funksiýasy bar bolup biler.
Belli bir wagt ulanylmasa, printeri awtomatik ýapmak üçin, şu sazlamany saýlaň. Energiýa dolandyrmagyň näçe wagtdan başlajagyny sazlap bilersiňiz. Islendik köpeldiş önümiň energiýa netijeliligine täsir eder. Üýtgetme etmezden öň, daşky gurşawy göz öňünde tutuň.
Öçüriş sazlamalary
Satyn alnan ýerine baglylykda, önümiňizde bu aýratynlyk ýa-da Öçmäge wagt bellemek aýratynlygy bar bolup biler.
Ulanylmaýan bolsa öçüriş
Belli bir wagt ulanylmasa, printeri awtomatik ýapmak üçin, şu sazlamany saýlaň. Islendik köpeldiş önümiň energiýa netijeliligine täsir eder. Üýtgetme etmezden öň, daşky gurşawy göz öňünde tutuň.
Baglanşynkdan aýrylan ýagdaýynda öçüriş
Ähli portlar, şol sanda LINE porty aýrylyp, görkezilen möhlet geçensoň, printeri ýapar ýaly, şu sazlamany saýlaň. Sebitiňize baglylykda, bu aýratynlyk elýeterli bolman biler.
Ýerli sagat bilen UTC (Bütindünýä koordinirlenen wagty) sagadynyň arasyndaky tapawudy giriziň.
Ýurt/Sebit
Printeri ulanýan ýurduňyzy ýa-da sebitiňizi saýlaň. Ýurdy ýa-da sebiti üýtgetseňiz, faks sazlamalaryňyz aslyna dolanýar we siz olary gaýtadan saýlamaly.
Dil/Language
LCD ekranda ulanylýan dili saýlaň.
Klawiatura
LCD ekrandaky klawiaturanyň ýerleşimini üýtgediň.
Uky üçin wagt bellemek
Printer hiç bir iş ýerine ýetirmese, uky tertibine girmeli wagtyny sazlaň (energiýa tygşytlaýjy tertip). Bellenen wagt geçensoň, LCD ekran garalýar.
USB arkaly PC baglanyşygy
USB arkaly birigende, kompýuteriň printere girmegine rugsat berer ýaly Işlet saýlaň. Öçür saýlanylsa, tor birikmesi arkaly iberilmeýän çap ediş we skanlama çäklendirilýär.