Printeriň jogapkärçilikli we kanunlara laýyk ulanylmagyny üpjün etmek üçin, aşakdaky çäklendirmeleri berjaý ediň.
Şu aşakdakylary nusgalamak kanun tarapyndan yzarlanylýar:
Bank wekselleri, pul belgileri, döwletiň bazar gymmatbaha kagyzlary, hökümetiň we şäher häkimliginiň bergi borçnamalary
Ulanylmadyk poçta markalary, ştamp basylan poçta otkrytkalary we beýleki resmi poçta predmetleri
Kazyýet önümçiliginiň dowamynda goýberilen hökümetiň gerb markalary we gymmatbaha kagyzlary
Şu aşakdakylary nusgalamak seresap bolmagy talap edýär:
Hususy ýerlenilýän gymmatbaha kagyzlar (aksiýalar, wekseller, çekler we ş.m.), aýlyk propusklar, konsession resminamalar we ş.m.
Pasportlar, sürüji şahadatnamalary, ýaramlylyk hakda şaýatnama, ýol propusklary, azyk talonlary, biletler we ş.m.
Bu predmetleri nusgalamagyň hem kanun tarapyndan yzarlanylmagy mümkindir.
Awtorlyk hukugy bilen goralýan materiallary jogapkärçilikli ulanmak:
Printerleriň awtorlyk hukugy bilen goralýan materiallary nusgalamak üçin bikanun ulanylmagy mümkindir. Eger sizde ygtyýarly adamyň rugsady ýok bolsa, onda neşir edilen materialy çap etmezden öň, onuň awtorlyk hukugynyň eýesinden rugsat almagyňyz zerurdyr.