Eger näsazlyk ýüze çyksa ýa-da size ýetirilmeli maglumat bar bolsa, LCD ekranda kod görkezilýär. Eger kod görkezilse, problemany çözmek üçin, aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.
|
Kod |
Ýagdaý |
Çözgütler |
|---|---|---|
|
E-01 |
Printer näsazlygy ýüze çykdy. |
Içerki gapagy we skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Togy öçürip, täzeden açyň. |
|
E-02 |
Skaner näsazlygy ýüze çykdy. |
Togy öçürip, täzeden açyň. |
|
E-11 |
Syýa prokladkasyny çalşyrmaly. |
Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*1 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Emma, skanlama ýaly çap ediş däl aýratynlyklar elýeterlidir. |
|
E-12 |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmaly. |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*2 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli. |
|
W-01 |
Kagyz dykyldy. |
Näsazlygy düzetmek üçin, kagyzy printerden aýryň we LCD ekranyň aşagynda görkezilýän düwmäni basyň. Käbir ýagdaýlarda, togy öçürip, täzeden açmaly bolýar. |
|
W-11 |
Syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar. |
Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*1 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Syýa prokladkasy çalşyrylýança hat görkezilip durar. Çap etmäge dowam etmek üçin, |
|
W-14 |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar. |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.*2 Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Syýa prokladkasy çalşyrylýança hat görkezilip durar. Çap etmäge dowam etmek üçin, |
|
I-22 |
Düwmäni (WPS) basyň-dan Wi-Fi belläň. |
Giriş nokady düwmesini basyň. Eger giriş nokadynda düwme ýok bolsa, giriş nokady sazlamasy penjiresini açyp, programma üpjünçiliginde görkezilýän düwmäni basyň. |
|
I-23 |
PIN şertli belligi (WPS)-dan Wi-Fi belläň. |
LCD ekranda görkezilýän PIN kody iki minutyň dowamynda giriş nokadyna ýa-da kompýutere giriziň. |
|
I-31 |
Wi-Fi Awto Baglan-dan Wi-Fi belläň. |
Wi-Fi gurnawy başlanda, programma üpjünçiligini kompýutere gurnap, OK düwmesini basyň. |
|
I-41 |
Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi ýapyk. Käbir funksiýalary ulanyp bolmaýar. |
Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz. AirPrint ulanmak üçin, Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi işlediň. |
|
I-60 |
Kompýuteriňiz WSD (enjamlar üçin web-hyzmatlar) goldaman biler. |
Kompýutere skanla (WSD) aýratynlygy diňe iňlisçe Windows 10, Windows 8.1, Windows 8, Windows 7 ýa-da Windows Vista gurnalgy kompýuterler üçin elýeterlidir. Printeriň kompýutere dogry birigendigini anyklaň. |
|
Recovery Mode |
Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. |
Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň. 1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.) 2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň. |
*1 Käbir çap ediş döwrelerinde, syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, printer çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.
*2 Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.