> Faks > Printer arkaly faks ibermek > Faks ibermegiň dürli ýollary > Daşarky telefon enjamyndan aýlap faks ibermek

Daşarky telefon enjamyndan aýlap faks ibermek

Faks ibermänkäňiz telefonda gürleşmek islän wagtyňyz, ýa-da alyjynyň faks apparaty faksa awtomatik geçmeýän ýagdaýynda, birikdirilen telefondan aýlamak arkaly faks iberip bilersiňiz.

  1. Originallary ýerleşdiriň.

    Bir geçirişde 100 sahypa çenli iberip bilersiňiz.

  2. Birikdirilen telefonyň trubkasyny galdyryp, telefonda alyjynyň faks belgisini aýlaň.

    Bellik:

    Alyjy telefona jogap berende, alyjy bilen gürleşip bilersiňiz.

  3. Öý ekranda Faks saýlaň.

    Zat saýlamak üçin, düwmelerini ulanyp, OK düwmesini basyň.

  4. OK düwmesini basyp, Skan sazlamalary ýa-da Faks iberiş sazlama saýlap, gerek bolsa, çözgüt we iberiş usuly ýaly sazlamalary belläň.

  5. Gudok eşideniňizde, düwmesini basyp, trubkany goýuň.

    Bellik:

    Birikdirilen telefondan belgi aýlanylanda, faks ibermek köp wagt alýar, sebäbi printer skanlamak we ibermek işini birlikde ýerine ýetirýär. Faks iberilýärkä, başga funksiýalary ulanyp bilmersiňiz.

  6. Iberiş dynanda, originallary aýryň.