Printeriň dolandyryş panelinde aşakdaky menýuny tapyp bilersiňiz:
Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Almak Sazlamalary
Almak Sazlamalary menýusy
Kompýutere ýazdyr
Alnan fakslary printere birigen kompýuterde PDF faýl edip ýazdyrýar. Muny diňe Hawa edip belläp bilersiňiz (FAX Utility arkaly) (programma). Muny printeriň dolandyryş panelinden işledip bilmersiňiz. Öňünden kompýuterde FAX Utility gurnaň. Şu Hawa edip bellenensoň, muny printeriň dolandyryş panelinden Hawa we Çap Etmek edip üýtgedip bilersiňiz.
Awtomatik Kiçeltme
Uly ölçegli resminama görnüşinde alnan fakslary kagyz çeşmesindäki kagyza sygdyryp çap edýär. Alnan maglumata baglylykda, hemişe kiçeldip bolman hem biler. Ol ýapylsa, uly resminamalar öz original ölçeginde birnäçe liste çap edilýär ýa-da boş ikinji kagyzyň çykmagy hem mümkin.
Sahypa bölm sazlama
Alnan resminamalaryň ölçegi printere goýlan kagyzyň ölçeginden uly bolsa, alnan fakslary bölünen sahypa görnüşinde çap edýär.
Awtomatik Aýlama
Keseligine alnan A5 ölçegli resminamalary A5 kagyza çap etmek üçin, fakslary aýlaýar. Bu sazlama fakslary çap etmek üçin ulanylýan azyndan bir sany kagyz ölçegi A5 edilip bellenilen bolsa ulanylýar.
Öçürilen saýlasaňyz, dik A4 resminamalaryň giňligindäki, kese alnan A5 ölçegli fakslar A4 ölçegli fakslar diýlip kabul edilýär we şonuň ýaly hem çap edilýär.
Sazlamalar > Printeri gurnamak > Giriş Kagyz Sazlamalary arkaly kagyz ölçegi sazlamasyny barlaň.
Alyş maglumatyny goş
Iberiji at maglumatyny bellemedik bolsa-da, alnan faksdaky alyş maglumatyny çap edýär. Alyş maglumaty şulardan ybaratdyr: alyş senesi we wagty, iberijiniň ID-si we sahypa belgisi (mes. "P1"). Sahypa bölm sazlama işledilse, bölünen sahypa belgisi hem goşulýar.
Başlam wagt çap et
Alynmaly fakslary çap edip başlamak üçin, opsiýalary saýlaň.
Ähli sahypalar alyndy: Sahypalaryň ählisi alnansoň, çap ediş başlaýar. Birinji ýa-da soňky sahypadan çap edip başlamak Tekjede Üýşürme funksiýasynyň sazlamasyna baglydyr. Tekjede Üýşürme üçin düşündirişe serediň.
Birinji sahypa alyndy: Birinji sahypa alnanda çap ediş başlanýar we sahypalaryň geliş yzygiderligine görä çap edilýär. Meselem, başga işleri çap edýärkä, printer çap edişe başlap bilmese, printer elýeterli bolanda alnan sahypalary tapgyr edip çap etmäge başlaýar.
Tekjede Üýşürme
Birinji sahypa iň soňunda çap edilýändigi sebäpli (iň ýokarda çykýar), çap edilýän resminamalar dogry sahypa yzygiderliginde desselenýär. Printeriň ýady gutaryp barýarka, bu aýratynlyk elýeterli bolman biler.
Togta wagt çap et
Saklm Wagt bilen Täzeden işlet aralygynda görkezen wagtyňyzyň dowamynda, printer alnan resminamalary çap etmän öz ýadyna ýazdyrýar. Bu aýratynlygy gije gaty ses çykmazlygy ýa-da gizlin resminamalaryň siz ýok wagtyňyz paş edilmezligi üçin ulanyp bolýar. Bu aýratynlygy ulanmazdan öň, ýeterlik boş ýat bardygyny anyklaň. Şuny Öçürilen edip belleseňiz, alnan resminamalary açyp ýapyş wagtyndan öň hem çap edip bilersiňiz.
Sessiz Reje
Printeriň faks çap edilýärkä çykarýan sesini peseldýär, ýöne çap ediş tizligi haýallap biler.