Bu tertip size liniýany aşakdaky maksatlar bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.
Liniýany diňe fakslamak üçin ulanmak (daşarky telefon gerek däl)
Liniýany köplenç faks we käwagt telefon üçin ulanmak
Jogp ber jyňňyrd üçin bellenen jyrlama sany dolanda, printer fakslary almaga awtomatik geçýär.
Daşarky telefon enjamy bar bolan printer şu aşakdaky ýaly işleýär.
Awto-jogapçy Jogp ber jyňňyrd üçin bellenen jyrlama sanynyň çäginde jogap berende:
- Eger jyrlama faks üçin bolsa: Printer fakslary almaga awtomatik geçýär.
- Eger jyrlama sesli jaň üçin bolsa; Onda awto-jogapçy sesli jaňlary alyp we sesli habarlary ýazga geçirip bilýär.
Trubkany Jogp ber jyňňyrd üçin bellenen jyrlama sanynyň çäginde alanyňyzda:
- Eger jyrlama faks üçin bolsa: Faksy El bilen sazlamasyndaky bilen birmeňzeş ädimler arkaly alyp bilersiňiz. Printeriň öý ekranynda Faks saýlap, # düwmesini basyp, faks almagy saýlaň we
düwmesini basyň. Soňra, trubkany goýuň.
- Eger jyrlama sesli jaň üçin bolsa: Telefona adaty bolşy ýaly jogap berip bilersiňiz.
Jyrlama duranda we printer fakslary almaga awtomatik geçende.
- Eger jyrlama faks üçin bolsa: Printer fakslary alyp başlaýar.
- Eger jyrlama sesli jaň üçin bolsa: Telefona jogap berip bilmeýärsiňiz. Ol kişiden size yzyna jaň etmegini soraň.
Awto-jogapçynyň jogap bermeli jyrlama sanyny Jogp ber jyňňyrd üçin bellenenden pes edip belläň. Ýogsam, awto-jogapçy sesli habarlary ýazga geçirer ýaly sesli jaňlary alyp bilmez. Awto-jogapçyny sazlamak baradaky jikme-jiklik üçin, awto-jogapçynyň ýany bilen berilýän gollanma serediň.