Nusgalaryň orny, ölçegi ýa-da çetleri nädogry

Aşakdaky sebäpleri nazarda tutmak mümkin.

Kagyz ýalňyş goýlan.

Çözgütler

Kagyzy dogry ugra goýuň we gyra gönükdirijisini kagyzyň gyralaryna tarap süýşüriň.

Kagyzyň ölçegi nädogry bellenilen.

Çözgütler

Degişli kagyz ölçegi sazlamasyny saýlaň.

Originallar dogry ýerleşdirilmedik.

Çözgütler

  • Originaly deňleýiş belgilerine laýyklap, dogry ýerleşdiriň.

  • Eger skanlanan suratyň gyrasy ýok bolsa, original skaner aýnasynyň gyrasyndan biraz süýşüriň. Skaner aýnasynyň gyrasyndan takmynan 1,5 mm (0,06 dý.) zolagy skanlap bolmaýar.

Skaneriň aýnasynda tozan ýa-da hapa bar.

Çözgütler

Originallar skaneriň aýnasynda goýlanda, originallara ýelmeşen islendik tozany ýa-da hapany aýryp, skaneriň aýnasyny arassalaň. Aýnada tozan ýa-da tegmil bar bolsa, nusgalanýan ýer olary hem öz içine alyp, giňelip bilýär, ol bolsa, öz gezeginde nusgalama ornunyň ýalňyş ýa-da suratlaryň kiçi bolmagyna eltip bilýär.