> Problemalary çözmek > Syýa guýmaga çen boldy > Syýa çüýşejigini ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

Syýa çüýşejigini ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

Syýany guýmazdan öň aşakdaky görkezmeleri okaň.

Syýany saklamagyň ätiýaçlyk çäreleri
  • Syýa çüýşejiklerini gün şöhlesiniň göni düşmeýän ýerinde goýuň.

  • Syýa çüýşejiklerini ýokary ýa-da doňak temperaturada saklamaň.

  • Epson syýa çüýşejigini gabynda görkezilen sene geçmänkä ulanmaklygy maslahat berýär.

  • Syýa çüýşejigini daşanyňyzda ýa-da saklanyňyzda, ony egmäň we urgulara ýa-da temperatura üýtgemelerine sezewar etmäň.Ýogsam, gapajygy berk ýapylan hem bolsa, syýanyň syzmagy mümkin.Gapajygy dakýarkaňyz çüýşejigi dik saklaň we çüýşejigi daşanyňyzda, meselem, sumka salanyňyzda, syýanyň syzmazlygy üçin çäreleri görüň.

  • Syýa çüýşejigini sowuk saklanylýan ýerden getireniňizde, ony ulanmazdan öň, azyndan üç sagatlap otag temperaturasynda ýyladyň.

  • Syýa gutusyny doldurmaga taýýarlanman, syýa çüýşejiginiň gabyny açmaň.Syýa çüýşejigi ygtybarly durar ýaly wakuumly gaplanýar.Eger syýa çüýşejigini uzak wagtlap ulanman, gabyndan çykaryp goýsaňyz, çap edişiň kadaly bolmazlygy mümkin.

  • Syýa çüýşejigini açanyňyzdan soň, onuň mümkin boldugyça çalt ulanmagyňyzy maslahat berýäris.

Syýany guýmagyň ätiýaçlyk çäreleri
  • Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer syýa guýmalydygyny habar berende, syýa gutusynda belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar.Size görkezilen sahypa sanyna ol rezerw degişli däldir.

  • Optimal çap ediş üçin, syýany uzak wagtlap pes derejelerde saklamaň.

  • Şu printere laýyk gelýän kodly syýa çüýşejiklerini ulanyň.

  • Bu printeriň syýasyny seresaply götermeli. Syýa gutularyna syýa guýulýarka, syýanyň pürkülmegi mümkin. Egin-eşigiňize ýa-da goşlaryňyza syýa degse, ony aýryp bolmazlygy mümkin.

  • Syýa çüýşejiklerini gaty erbet çaýkamaň ýa-da gysmaň.

  • Syýa aşaky çyzykdan pese düşen wagty, printeri köp wagtlap ulanmak oňa zeper ýetirip biler. Printer işledilmeýän wagty, syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli dolduryň. Dogry syýa derejesi takmynlaryny görkezmek üçin, gutyny dolduryp, syýa derejesini nol ediň.

Syýanyň sarp edilişi
  • Çap ediş golowkasynyň optimal öndürijiligini üpjün etmek üçin, ähli gutularyndan biraz syýa alnyp, tehniki hyzmat amallary (mes. çap ediş golowkasynyň arassalanmagy we ş.m.) ýerine ýetirilende hem ulanylýar. Printeriň toguny açanyňyzda hem, syýanyň ulanylmagy mümkindir.

  • Monohrom ýa-da çal reňkde çap edilende, kagyz görnüşiniň ýa-da çap ediş hiliniň sazlamalaryna baglylykda, gara syýa derek reňkli syýalaryň ulanylmagy mümkin. Onuň sebäbi, gara syýa ýasamak üçin reňkli syýalar garylyp ulanylýar.

  • Printeriň ýany bilen berilýän çüýşejiklerdäki syýanyň bir bölegi ilkinji gurnawda ulanylýar.Çykýan kagyzlaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmak üçin, çap ediş golowkasy syýadan doldurylýar.Ol proses bir gezeklik bolup, oňa belli bir möçberde syýa gerek bolýar, şonuň üçin, ol çüýşejikleriň soňraky goýjak çüýşejikleriňize garanyňda birneme azrak sahypa çap etmekligi mümkindir.

  • Çap edýän suratlaryňyza, ulanýan kagyz görnüşiňize, çap ediş ýygylygyňyza we daşky gurşaw şertlerine (mes. temperatura) baglylykda, sahypa sanlary üýtgäp biler.

  • Hakyky syýa gutularyndaky syýa derejelerini göz bilen barlaň. Syýa gutaransoň, printeri uzak wagtlap ulanmak oňa zeper ýetirip biler. Syýa derejelerini nol etmek üçin, printer işledilmeýän wagty, Epson syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli doldurmagy maslahat berýär.