> Dolandyryş paneli gollanmasy > Öý ekran düzülişi

Öý ekran düzülişi

Tor birikmesi ýagdaýyny görkezýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdakylara serediň.

Tor şekiljigi üçin gollanma

we görkezilende, ýa-da düwmesini basyp, saga ýa-da çepe süýşürip bilersiňiz.

Her menýuny görkezýär.

  • Skanirlemek

    Resminamadyr fotosuratlary skanlap, kompýutere ýazdyrmaga mümkinçilik berýär.

  • Nusga

    Resminamalary nusgalamaga mümkinçilik berýär.

  • Faks

    Fakslary ibermäge mümkinçilik berýär.

  • Sessiz Reje

    Printeriň çykarýan sesini peseltmäge mümkinçilik berýän Sessiz Reje sazlamasyny görkezýär. Ýöne, ony işletmek çap ediş tizligini peseldip biler. Saýlanan kagyz görnüşine we çap ediş hili sazlamalaryna baglylykda, printeriň ses derejesinde üýtgeme bolman biler. Bu sazlamany Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

    Sazlamalar > Printeri gurnamak > Sessiz Reje

  • Sazlamalar

    Tehniki hyzmat, printer sazlamalary we amallary bilen baglanyşykly sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.

  • Hyzmat ediş

    Lüle-barlag şablonyny çap edip we golowka arassalamagy ýerine ýetirip, dykylan lüleleri açmak, şeýle hem, çap ediş golowkasyny deňläp, çykýan kagyzlardaky bulanyklygy ýa-da zolaklary aradan aýyrmak ýaly, çykýan kagyzlaryň hilini gowulandyrmak üçin maslahat berilýän menýulary görkezýär. Bu sazlamany Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

    Sazlamalar > Hyzmat ediş

  • Wi-Fi Gurnama

    Printeri simsiz torda ulanar ýaly sazlamaga mümkinçilik berýän menýulary görkezýär. Bu sazlamany Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

    Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Wi-Fi Gurnama

Elýeterli düwmeler görkezilýär. Şu mysalda saýlanan menýuwa OK düwmesi arkaly geçip bilersiňiz.