Network Connection (Tor Baglanyşygy) Hasabaty üçin Bozuklyklary Tapmak
Wi-Fi Baglanyşygy
Tor statusy ýa-da baglanyşyk boýunça meseleleri nädip çözmeli
- Çap edeniňiz Network Connection (Tor Baglanyşygy) Hasabata serediň. A bölümçedäki (Check Network Connection (Tor Baglanyşygy Barlaň)) FAIL (BAŞA BARMADY) görkezýän maddalary barlaň.
- Barlag Maddalar sanawynda, çözgütleri görmek üçin FAIL (BAŞA BARMADY) statusy görkezýän maddalara basyň.
- B bölümçede görkezilen habarlara serediň we şol bir habary Barlag Maddalaryň aşagynda görkezilenleriň her birinde gözläň. Soňra çözgütleri ýerine ýetiriň.
B maddasynda * bilen bellenen habarlar boýunça giňişleýin maglumat üçin "Tor gurşawyňyz barada" serediň.
Barlag Maddalary
Habarlara we çözgütlere gitmek üçin aşakdaky maddalara basyň.
- Wireless Network Name (SSID) Check (Simsyz Tor Adyny (SSID) Barlamak)
- Communication Mode Check (Aragatnaşyk Tertibini Barlamak)
- Security Mode Check (Howpsuzlyk Tertibini Barlamak)
- MAC Address Filtering Check (MAC Salgynyň Süzülmegini Barlamak)
- Security Key/Password Check (Howpsuzlyk Açary/Açarsözi Barlamak)
- IP Address Check (IP Salgyny Barlamak)
- Detailed IP Setup Check (Giňişleýin IP Gurnama Barlamak)
Barlag maddalary üçin habarlar we çözgütler
1. Wireless Network Name (SSID) Check (Simsyz Tor Adyny (SSID) Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 1 |
No wireless network names (SSID) found. (Hiç hili simsyz torlaryň atlary (SSID) tapylmady.) Confirm that the router/access point is turned on and the wireless network (SSID) is set up correctly. (Router/ygtyýar nokady çatylandygyny we simsyz tor (SSID) dogry sazlanandygyny tassyklaň.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.) |
- Ygtyýar nokadyň çatylandygyny barlaň. Eger öçük bolsa, ony çatyp tor gurnamasyny täzeden geçiriň.
- Printeriňizi ygtyýar nokadyň golaýynda ýerleşdiriň.
- Eger simsyz toryň adyny (SSID) elden girizen bolsaňyz, siziň simsyz toryňyzyň adynyň (SSID) dogrydygyny tassyklaň. Eger ol ýalňyş bolsa, ony täzeden giriziň. Siziň simsyz toryňyzyň ady (SSID) C maddasyna (Network Status (Tor Statusy)) Tor Ady (SSID) aşagynda görkezilendir.
- Eger siz tory WPS ulanmak arkaly düzen bolsaňyz, ygtyýar nokadyňyzyň WPS goldaýanlygyny barlaň.
- Eger siz Ýörite baglanyşygy düzmek isleseňiz, ilki bilen siz Kompýuteriňiz üçin Ýörite baglanyşygy düzmelisiňiz. Başda Kompýuteriňiz üçin Ýörite baglanyşygy düzüň soňra printeriňiz üçin tor gurnamasyny täzeden geçiriň.
|
| 2 |
No wireless network names (SSID) found. (Hiç hili simsyz torlaryň atlary (SSID) tapylmady.) Confirm that the wireless network name (SSID) of the PC you wish to connect is set up correctly. (Baglamak isleýäniňiz Kompýuteriňiziň simsyz tor ady (SSID) dogry düzülendigini barlaň.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.) |
- Baglamak isleýän Kompýuteriňiziň çatylandygyny barlaň. Eger öçük bolsa, ony çatyp printeriňiz üçin tor gurnamasyny täzeden geçiriň.
- Printeriňizi baglamak isleýän Kompýuteriňiziň golaýynda ýerleşdiriň.
|
Ýokardaky habarlar, saýlanylan ýa-da girizilen simsyz tor ady, (SSID) tor gurnamasynda tapylmasa görkezilýär.
SSID siziň Wi-Fi toryňyzyň adydyr. Eger siz ygtyýar nokadyny ulanýan bolsaňyz, onda ygtyýar nokady gurnalanda siziň toryňyza eýýäm at berilendir.
Eger siz Kompýuteriňizi we printeriňizi ygtyýar nokatsyz (Ýörite baglanyşyk) göni baglamak isleseňiz, siz Kompýuteriňiz üçin Ýörite baglanyşygy düzmelisiňiz. Bu ýagdaýda, siz Kompýuteriňizde SSID döretmelisiňiz.
Eger siz öz SSID bilmeseňiz, toryňyzy gurnan adam ýa-da şereket bilen habarlaşmagyňyzy size maslahat berýäris.
Şeýle-hem, gurnama wagty, printeriň ygtyýar nokadyndan ýa-da Kompýuterden arassa signaly alar ýaly printeriňizi ygtyýar nokadyň (ýa-da Kompýuteriň) golaýynda ýerleşdirmegiňiz gerek.
2. Communication Mode Check (Aragatnaşyk Tertibini Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 3 |
Wi-Fi communication mode (IEEE802.11*) does not match the current setting of the printer. (Wi-Fi aragatnyşyk tertibi (IEEE802.11*) printeriň şu wagtky sazlamalaryna gabat gelmeýär.) Set the same communication mode to the printer, router/access point, and PC. (Printer, router/ygtyýar nokady we Kompýuter üçin bir aragatnaşyk tertibi sazlaň.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.) *Ýerleşýän ýeriňize baglylykda görnüş tapawutlanýar. |
- Ygtyýar nokadyňyz üçin sazlanan Wi-Fi aragatnaşyk tertibi priteriňiz goldaýany bilen gabat gelýänligini barlaň.
|
Bu habar, ygtyýar nokady üçin Wi-Fi aragatnaşygy düzülip Kompýuteriňiz printer tarapyndan goldanylmaýan bolsa görkezilýär.
3. Security Mode Check (Howpsuzlyk Tertibini Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 4 |
Security mode (e.g. WEP, WPA) does not match the current setting of the printer. (Howpsuzlyk tertibi (meselem WEP, WPA) printeriň şu wagtky sazlamalaryna gabat gelmeýär.) Confirm security mode. (Howpsuzlyk tertibi tassyklaň.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.) |
Ygtyýar nokady aşakdaky howpsuzlyk tertipleriň birini ulanýandygyny tassyklaň. Ýogsam, tor gurnamasyny täzeden geçiriň we goldanýan howpsuzlyk tertibe geçiriň.
- WEP-64bit (40bit)
- WEP-128bit (104bit)
- WPA PSK (TKIP)
- WPA2 PSK (TKIP)
- WPA PSK (AES)
- WPA2 PSK (AES)
- WPA (TKIP/AES)
- WPA2 (TKIP/AES)
|
Bu habar, tor enjamlary üçin sazlanan howpsuzlyk tertibi printer tarapyndan goldanmaýan bolsa ýa-da printeriň howpsuzlyk tertibine gabat gelmeýän bolsa görkezilýär.
Güýjüne we şifrleme usulyna baglylykda tor enjamlary üçin dürli sazlanan howpsuzlyk görnüşleri bar.
Goldanýan howpsuzlyk usullary tor enjamyna baglylykda üýtgäp biler. Aragatnaşyga rugsat bermek üçin, tor enjamy bilen printeriň arasynda birmeňzeş howpsuzlyk tertibi sazlanylmalydyr.
4. MAC Address Filtering Check (MAC Salgynyň Süzülmegini Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 5 |
MAC address of your printer may be filtered. (Printeriňiziň MAC salgysy süzülip bilner.) Check whether your router/access point has restrictions such as MAC address filtering. (Routeriňiziň/ygtyýar nokadyňyzyň MAC salgylaryny süzmek ýaly çäklendirmeleriň bar ýa-da ýoklugyny barlaň.) See the documentation of the router/access point or contact your network administrator for assistance. (Routeriň/ygtyýar nokadyň resminamalaryna serediň ýa-da ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.) |
- MAC salgysyny süzmek funksiýasy boýunça giňişleýin maglumat üçin ygtyýar nokadyňyzyň ýany bilen gelen ulanyş kitapçasyna serediň. Eger bu funksiýa çatylan bolsa, printeriňiz süzülmeginiň öňüni almak üçin onuň MAC salgysyny bellige goýuň.
- Eger siz Paýlanylan autentifikasiýany çatmak üçin ygtyýar nokadyňyz üçin WEP howpsuzlyk tertibini ulanan bolsaňyz, autentifikasiýa açarlaryň we görkezijileriň ikisiniň hem dogrydyny tassyklaň.
|
Bu habar, MAC salgy süzülme çatylan wagty printeriň MAC salgysy ygtyýar nokatda belgä goýulmadyk bolsa görkezilýär.
MAC salgysy aýratyn tor enjamlary kesgitlemek üçin ulanylýan kesgitleme belgisidir.
Ygtyýar nokadynyň MAC salgysy boýunça enjama tora girmäge rugsat bermäge ýa-da bermezlige mümkinçilik berýän funksiýasy bar.
Bu funksiýa çatylan bolsa, diňe MAC salgysy bellige goýulan tor enjamlary tora baglanyp bilerler.
5. Security Key/Password Check (Howpsuzlyk Açary/Açarsözi Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 6 |
Entered security key/password does not match the one set for your router/access point. (Girizilen howpsuzlyk açary/açarsözi routeriňiz/ygtyýar nokadyňyz üçin düzülen bilen gabat gelmeýär.) Confirm security key/password. (Howpsuzlyk açary/açarsözi tassyklaň.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.) |
Ygtyýar nokady üçin düzülen howpsuzlyk açary we girizilen howpsuzlyk açary gabat gelmeýär. Dogry howpsuzlyk açary ulanyp toryňyzy täzeden sazlaň. Howpsuzlyk açary baş bilen setir harplary tarapuwlandyrýar. |
Bu habar, ygtyýar nokady üçin düzülen howpsuzlyk açary bilen girizilen howpsuzlyk açary gabat gelmedik wagty görkezilýär.
Howpsuzlyk açary (açarsözi) tora baglanmak üçin zerurdyr.
Howpsuzlyk açary baş bilen setir harplary tarapuwlandyrýar. Girizilen açar belgä goýulan açar bilen doly gabat gelmese, baglanyşyk başa barmaýar.
6. IP Address Check (IP Salgyny Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 7 |
Incorrect IP address is assigned to the printer. (Printere nädogry IP salgy berilen.) Confirm IP address setup of the network device (hub, router, or access point). (Tor enjamyň (hab, router ýa-da ygtyýar nokady) IP salgy gurnamasyny tassyklaň.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.)
|
- Ygtyýar nokat üçin DHCP funksiýasynyň çatylan ýa-da öçükligini barlaň. Öçürilen bolsa, ony çatyň.
- Eger IP salgysy elden düzülen bolsa, IP salgysy goldanýan çägiň daşyndadyr (güýçsiz). Dogry IP salgyny giriziň.
|
7. Detailed IP Setup Check (Giňişleýin IP Gurnama Barlamak)
| No. |
Habarlar |
Çözgütler |
| 8 |
Confirm the connection and network setup of the PC or other device. (Kompýuteriň ýa-da beýleki enjamyň baglanyşygyny we tor gurnamasyny tassyklaň.) Connection using the EpsonNet Setup is available. (EpsonNet Setup arkaly baglanyşyk elýeterli.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.)
| - Aşakdakylary barlaň:
- Kompýuter ýaly printeri ulanmak isleýän enjamlaryňyzyň çatylandygyny barlaň.
- Kompýuter ýaly printeri ulanmak isleýän enjamlaryňyzyň birmeňzeş tordadygyny barlaň.
- Eger siz ýokardaky maddalary barlan bolsaňyz, EpsonNet Setup arkaly tor gurnamasyny geçiriň.
|
| 9 |
Confirm IP address, subnet mask, and default gateway setup. (IP salgyny, aşaky toryň maskasyny we adaty düzülen gatlanyň gurnamasyny tassyklaň.) Connection using the EpsonNet Setup is available. (EpsonNet Setup arkaly baglanyşyk elýeterli.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.)
| - Aşakdakylary barlaň:
- Tordaky beýleki enjamlar çatylan
- Printer üçin elden düzülen tor salgysy dogry
- Printer üçin tor salgysy beýleki enjamlaryňky bilen birmeňzeş
- Tor salgysy nädogry bolsa, printeriň LCD paneli arkaly dogry salgyny düzüň.
Eger printer arkaly sazlamalary üýtgedip bilmeseňiz, EpsonNet Setup arkaly sazlaň. Siziň şu wagtky IP salgyňyz, aşaky tor maskaňyz we adaty düzülen gatlaňyz C (Network Status (Tor Statusy)) maddasynda görkezilendir.
|
| 10 |
Setup is incomplete. (Gurnama doly däl.) Confirm default gateway setup. (Adaty düzülen gatlanyň gurnamasyny tassyklaň.) Connection using the EpsonNet Setup is available. (EpsonNet Setup arkaly baglanyşyk elýeterli.) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.)
| - Aşakdakylary barlaň:
- Printer üçin elden düzülen adaty gatlanyň salgysy dogry
- Adaty düzülen gatla hökmünde bellenen enjam çatylan
- Adaty düzülen gatlanyň salgysy nädogry bolsa, printeriň LCD paneli arkaly dogry salgyny düzüň.
Eger printer arkaly sazlamalary üýtgedip bilmeseňiz, EpsonNet Setup arkaly sazlaň. Şu wagtky adaty düzülen gatlaňyzyň salgysy C maddasynda görkezilen (Network Status (Tor Statusy)) Adaty Düzülen Gatla aşagynda.
|
| 11 |
Confirm the following: (Aşakdakylary tassyklaň:) -Entered security key/password is correct (Girizilen howpsuzlyk açary/açarsözi dogry) -Index of the security key/password is set to the first number (Howpsuzlyk açary/açarsözi üçin görkeziji ilkinji sana düzülen) -IP address, subnet mask, or default gateway setup is correct (IP salgy, aşaky tor maskasy ýa-da adaty düzülen gatla dogry) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.)
| - Aşakdakylary barlaň:
- Tordaky beýleki enjamlar çatylan
- Printer üçin elden düzülen tor salgysy dogry
- Printer üçin tor salgysy beýleki enjamlaryňky bilen birmeňzeş
- Ýokardakylaryň ählisi barlan bolsaňyz, indikileri barlap görüň:
- Printer bilen bir tory ulanýan kompýuterde EpsonNet Setup başladyň.
Eger printeriňiz printerleriň sanawynda görkezilse, IP salgy gurnama penjiresinden printer üçin IP salgysyny düzüň. Eger printeriňiz sanawda ýok bolsa, girizilen howpsuzlyk açary nädogry bolup biler. Tor gurnamasyny printeriň LCD paneli arkaly geçiriň we dogry howpsuzlyk açary giriziň.
- WEP howpsuzlyk tertibi arkaly siz birnäçe howpsuzlyk açary belgä goýup bilersiňiz. Eger birnäçe açar belgä goýulsa, ilkinji belgä goýulan açary girizendigiňizi barlaň.
|
| 12 |
Confirm the following: (Aşakdakylary tassyklaň:) -Entered security key/password is correct (Girizilen howpsuzlyk açary/açarsözi dogry) -Index of the security key/password is set to the first number (Howpsuzlyk açary/açarsözi üçin görkeziji ilkinji sana düzülen) -Connection and network setup of the PC or other device is correct (Kompýuteriň we beýleki enjamyň baglanyşygy we tor sazlamasy dogry) Contact your network administrator for assistance. (Ýardam üçin tor dolandyryjysyna ýüz tutuň.)
| - Aşakdakylary barlaň:
- Modem, router we hab ýaly tor enjamlary çatylan
- Eger printerden başga tor enjamlary üçin IP salgysy elden düzülen bolsa (Eger printer üçin IP salgy awtomatiki bellenilse, ýöne beýleki tor enjamlary üçin elden bolsa, printeriň tory beýleki enjamlaryňykydan tapawutlanyp biler)
- Ýokardakylaryň ählisi barlan bolsaňyz, indikileri barlap görüň:
- Printer bilen bir tory ulanýan kompýuterde EpsonNet Setup başladyň.
Eger printeriňiz printerleriň sanawynda görkezilse, IP salgy gurnama penjiresinden printer üçin IP salgysyny düzüň. Eger printeriňiz sanawda ýok bolsa, girizilen howpsuzlyk açary nädogry bolup biler. Tor gurnamasyny printeriň LCD paneli arkaly geçiriň we dogry howpsuzlyk açary giriziň.
- WEP howpsuzlyk tertibi arkaly siz birnäçe howpsuzlyk açary belgä goýup bilersiňiz. Eger birnäçe açar belgä goýulsa, ilkinji belgä goýulan açary girizendigiňizi barlaň.
|
Printeriň IP salgysyny barlaň we printeriň tordaky beýleki enjamlara ygtyýarynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny barlaň. Käbir ýagdaýlarda, ýalnyşlygy kesgitläp bolmaýar. Biz tor gurnamasynyň EpsonNet Setup arkaly ýerine ýetirilmegini maslahat berýäris.
Tor salgylary barada:
IP salgy diňe bir Kompýuter, hab we router ýaly enjamlaryň tora baglanandygy görkezmän, şol sanda olaryň degişli bolan tor çägini hem görkezýär. Bir torda bolan enjamlar özara habarlaşyp bilýärler. Eger siz beýleki tordaky enjamlar bilen habarlaşmak isleseňiz, router zerurdyr. IP salgy iki bölekden ybaratdyr. Birinji bölegi "tor salgysy" diýip atlandyrylýar we tor çägini görkezýär. Ikinji bölegi "host salgysy" diýip atlandyrylýar we tor enjamyny görkezýär. Tor salgysy bilen host salgysy arasyndaky çyzyk toryň ölçegine (derejesine) baglylykda tapawutlanýar. Ýöne siz aşaky tor maskasy arkaly tor salgysy bilen host salgysy arasyndaky çyzygy kesgitläp bilersiňiz.
Eger siz printeriňizi öý tory içinde ulanýan bolsaňyz, ygtyýar nokadynyň DHCP funksiýasyny ulananyňyzda, printeriň IP salgysynyň sazlamasyny "Awto" geçiriň. Eger printeriň IP salgysyny düzmek üçin "Emeli" ulanmak isleseňiz, IP salgyny we aşaky tor maskasyny düzmek üçin indikilere serediň.
- Kompýuteriňize baglanan routeriň (ýa-da ygtyýar nokadyň) IP salgysyny barlaň. Giňişleýin maglumat üçin routeriň (ygtyýar nokady) ulanyş kitapçasyna serediň.
- Ähli IP salgylar dört sanly mukdarly bölekçelerde ýazylan (IPv4 üçin). Soňky bölekçede, 1 bilen 254 aralygynda ýeketäk san mukdary düzüň. (Router DHCP serwer bolanda ýa-da öý torunda başga DHCP serwer bolanda, DHCP serwer tarapyndan bellenilen IP salgysyna garşy gelmeýän mukdary düzüň.)
Sazlama mysaly: Router (ygtyýar nokady) üçin IP salgy: 192.168.1.
1 Printer üçin mysal sazlama: 192.168.1.
3 Eger printeriňizi kiçi göwrümli torda ulanýan bolsaňyz,
255.255.255.0 aşaky tor maskasy üçin ähli enjamlar üçin düzülendir. Şeýle-hem, gatla ygtyýar nokady üçin birmeňzeş IP salgysyny ulanýar.
Tor gurşawy barada
Tor statusy/baglanyşygy barlag hasabaty bilen bilelikde aşakdaky habarlar siziň toruňyzda haýsy ýagdaýlary gowulandyryp bolýandygyny bildirmek üçin görkezilýär.
| Habarlar |
Çözgütler |
| *Signal strength is low. (*Signalyň güýji pes.) If you have problems printing or scanning, improve your wireless network environment. (Eger çap etmek ýa-da skanirlemek bilen meseleler bar bolsa, simsyz tor gurşawyňyzy gowulaň.) |
Signalyň pes bolmagy sebäpli çap ediş tizligi pes bolup biler ýa-da çap ediş kesilip biler. Gurşawy gowulandyrmak üçin aşakdakylary ýerine ýetiriň:
- Printeriňizi ygtyýar nokadyna golaý ýerleşdiriň
- Ygtyýar nokady bilen printeriň arasyndaky her hili böwetleri aýyryň.
|
| *A router/access point channel conflict has been detected. (*Router/ygtyýar nokady kanalynyň konflikty kesgitlenildi.) If you have problems printing or scanning, improve your wireless network environment. (Eger çap etmek ýa-da skanirlemek bilen meseleler bar bolsa, simsyz tor gurşawyňyzy gowulaň.) |
Signal päsgelçilikleri ýanyňyzdaky otaglarda ýa-da binalarda ulanylýan beýleki simsyz torlardan sebäplenip biler. Printeriňizi ygtyýar nokadyna golaý ýerleşdirmek, gurşawy gowulaşdyryp biler. |
| *Signal strength is low. (*Signalyň güýji pes.) A router/access point channel conflict has been detected. (Router/ygtyýar nokady kanalynyň konflikty kesgitlenildi.) If you have problems printing or scanning, improve your wireless network environment. (Eger çap etmek ýa-da skanirlemek bilen meseleler bar bolsa, simsyz tor gurşawyňyzy gowulaň.) |
Signalyň pes bolmagy sebäpli çap ediş tizligi pes bolup biler ýa-da çap ediş kesilip biler. Signal päsgelçilikleri ýanyňyzdaky otaglarda ýa-da binalarda ulanylýan beýleki simsyz torlardan sebäplenip biler. Gurşawy gowulandyrmak üçin aşakdakylary ýerine ýetiriň:
- Printeriňizi ygtyýar nokadyna golaý ýerleşdiriň
- Ygtyýar nokady bilen printeriň arasyndaky her hili böwetleri aýyryň.
|
| *Multiple network names (SSID) that match your entered network name (SSID) have been detected. (*Siziň girizen tor adyňyz (SSID) bilen deň gelýän birnäçe tor ady (SSID) kesgitlenildi.) Confirm network name (SSID). (Tor adyny (SSID) tassyklaň.) |
Siz başga ygtyýar nokadyna baglanýarsyňyz. Aşakdakylary barlap görüň: Baglanmak isleýän ygtyýar nokadyňyzyň SSID üýtgediň we soňra printeriňiziň gurnamasyny täzeden düzüň.
|
| *No more devices can be connected. (*Mundan köp enjam baglap bolmaýar.) Disconnect one of the connected devices if you want to add another one. (Başga bir enjam goşmak isleseňiz, baglanan enjamlaryň birini aýyryň.) |
Täze enjamy goşmak isleýän bolsaňyz, şu wagtky enjamlaryň birini, enjamyň Wi-Fi sazlamalary arkaly baglanyşykdan aýyryň, ýa-da printerden açarsözi üýtgetmek arkaly ähli enjamlary baglanyşykdan aýyryň. |